Awstraliýada şahtanyň golaýyna näbelli jisim gaçdy. Ol kosmos zibiliniň bölegi bolup biler

  • 23.10.2025 12:56
  • 11k+

Awstraliýanyň günbataryndaky Pilbara sebitinde demir-magdan şahtasyndan uzak bolmadyk ýerde ýanan jisim tapyldy. Deslapky maglumatlara görä, bu kosmos zibiliniň bölegi diýip, 9News teleýaýlymy habar berýär.

Şahtanyň işgärleri ýolda bu jisimi görüp, derrew dessin gulluklary çagyrdy. Hünärmenler gelenden soň, bu ýer gorag astyna aldy. Edaralar adamlar we daşky gurşaw üçin howpuň ýokdugyny aýtdy.
Deslapky maglumatlara görä, tapylan bölek uglerod süýüminden taýýarlanan bolup, awiasiýa enjamyna degişli däl. Polisiýa wekili munuň, ähtimal, aerokosmos enjamlarynda ulanylýan bagyň ýa-da ýokary basyşly kompozit gabyň bölegidigini” belledi.
Awstraliýanyň kosmos agentliginiň inženerleri jisimiň gelip çykyşyny anyklamak üçin goşmaça tehniki barlaglary geçirer.
Mundan öň, şu ýyl Keniýada bir obanyň golaýyna diametri 2,4 metrden gowrak we agramy 498 kilogram bolan kosmos zibiliniň uly bölegi gaçdy. Hünärmenler onuň raketa göterijisiniň basgançagynyň elementidigini çaklady.


22.04.2026 17:08
7.2k+

22 sagatlap howada bolmak isleýänlere: Qantas dünýäniň iň uzak uçuşlaryny taýýarlaýar

Awstraliýanyň Qantas awiakompaniýasy awiasiýa taryhynda iň dowamly täjirçilik uçuşlaryny amala aşyrmaga taýýarlanýar. Täze gatnawlar Sidneý şäherini London we Nýu-Ýork bilen birleşdirer....

20.04.2026 14:53
12k+

91 ýaşynda ata boldy: Awstraliýanyň ýaşaýjysy Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

Awstraliýaly Çarlz Smit dünýäde ilkinji gezek ata bolan iň garry erkek adam hökmünde Ginnesiň rekordlar kitaby tarapyndan resmi taýdan ykrar edildi. Agtygy Aýlanyň dünýä inen pursatynda Smitiň ýaşy 91 ýyl 209......

18.04.2026 15:16
3.4k+

Dünýäniň iň uly sebitleriniň reýtingi: Saha Respublikasyndan başlap Günbatar Awstraliýa çenli

Sebitler, awtonom territoriýalar, ülkeler we ştatlar – bularyň hemmesi ýurtlaryň administratiw-territorial birlikleridir. Olar taryhy, geografik, ykdysady we etniki faktorlara esaslanyp döredilýär. Şol bir......

16.01.2026 15:32
1.3k+

Meta Awstraliýany ýetginjekler üçin sosial torlary gadagan edýän kanuna gaýtadan seretmäge çagyrýar

Meta Awstraliýany 16 ýaşdan kiçi ýetginjeklere sosial torlary ulanmagy gadagan edýän dünýäde ilkinji kanuny gaýtadan gözden geçirmäge çagyrýar. Kompaniýa täze kanuna laýyklykda 544,000-den gowrak hasaby bloklady» diýip CNA habar berýär...