Awstraliýada adam derisine has ýakyn deri nusgalary ösdürilip ýetişdirildi

  • 25.08.2025 13:04
  • 3.4k+

Kwinslend uniwersitetiniň ýanyndaky Freýzer institutynyň barlaghanasyndan awstraliýaly alymlar ilkinji gezek doly derejede adam derisiniň gurluşyny gaýtalaýan deri nusgalaryny ösdürip ýetişdirdi. Bu barada ABC ýaýlym korporasiýasy habar berdi.

“Biziň pikirimizçe, indi näsag çagalary bolan köp ene-atalara zyýan ýetirýän seýrek keselleri bejermegiň täze usullaryny tapmak boýunça täze mümkinçilikler açylýar” – diýip, Freýzer institutynyň müdiri Kiýaraş Hosroutehrani belledi.

Nusgalary döretmek üçin sütün öýjükleri ulanyldy. Munuň netijesinde gan aýlanyş damarlaryny, inçejik gan damarlaryny, tüý follikullaryny, birnäçe gat dokumany we immun öýjüklerini döretmek başartdy. Ylmy gözlegçileriň aýtmagyna görä, täze nusga has ýuka we diňe bir öýjük görnüşini öz içine alan öňki görnüşlerden has kämil boldy.
ABC-niň maglumatlaryna görä, Kwinslend ştaty yssy howasy bilen tapawutlanýar we deriniň rak keseliniň ýüze çykmak ýagdaýlarynyň sany boýunça dünýäde birinji orny eýeleýär. Her ýyl sebitiň 3,6 müňden gowrak ýaşaýjysynda melanoma ýüze çykarylýar.


şu gün 10:51
0

Prada we Axiom Space Aýda geýiljek skafandryň içki gatlagyny görkezdi

"Prada" we "Axiom Space" kompaniýalary LCVG (suwuklyk bilen sowadýan we wentilýasiýa edýän eşik) atly içki sowadyjy we wentilýasiýa eşigini tanyşdyrdylar. Ol astronomlaryň Aýyň üstünde işleýän wagty beden......

08.06.2026 16:45
3.7k+

Ýantar daşynda 40 million ýyl mundan ozal ýaşan guşuň ýelegi tapyldy

40 million ýyllyk taryhy bolan baltika ýantarynyň nusgasyndan guş ýelegi ýüze çykaryldy. Bu tapyndy dünýä ýantarynyň köp böleginiň çykarylýan ýeri bolan Palmniken ýatagynda (Ýantarnyý kärhanasy) edildi.......

08.06.2026 16:26
4.4k+

Kepjebaş ösümligi täze pidalary özüne çekmek üçin ähli awyny diýen ýaly goýberýär

Ýaponiýadaky Okinawa ylym we tehnologiýalar institutynyň (OIST) alymlary "kepjebaş ösümligi" diýlip atlandyrylýan ýyrtyjy ösümlik kaliforniýa darlingtoniýasynyň (Darlingtonia californica) aýratynlyklarynyň......

07.06.2026 20:00
1.7k+

Atoma we aýnalara esaslanan ilkinji dolulygyna awtonom kwant sagatlary döredildi

Alymlar daşky utgaşdyrmasyz wagty ölçemäge ukyply bolan, ilkinji dolulygyna awtonom kwant sagadynyň nazary modelini işläp düzdüler....