109 ýyldan soň: Awstraliýada Birinji jahan urşunyň esgerleriniň hatlary bolan çüýşe tapyldy

  • 01.11.2025 15:52
  • 19k+

Awstraliýanyň Uorton-Biç kenarynda 1916-njy ýylda – Birinji jahan urşunyň möwç alan döwründe esgerler tarapyndan ýazylan iki hatly çüýşe tapyldy. Bu barada UPI habar berýär.

Çüýşäni Debra Braun we onuň gyzy kenary arassalap ýören wagty tapdy. Hatlar Malkolm Aleksandr Newille we Uilýam Kirk Harlä degişlidi. Aýal ýaltanmazdan tapyndy barada habar bermek we esgerleriň ykbalyny bilmek üçin sosial ulgamlar arkaly hatlaryň awtorlarynyň garyndaşlaryny gözläp tapdy.
Görlüp oturylsa, haty ejesine iberen Malkolm Newill ony ýazandan birnäçe aýdan soň Fransiýada heläk bolupdyr. Ol 28 ýaşynda eken. Onuň doganoglan agtygy öz daýysy barada 101 ýaşly daýzasyndan eşidendigini gürrüň berdi.
Uilýam Harli bolsa uruşdan dolanyp gelip, maşgala guran. Onuň häzirem ýaşap ýören bäş agtygy bar. Gyz agtyklarynyň biri Enn Týorner hatyň maşgalany birleşdirendigini belledi.

“Biz bu waka bolany bäri biri-birimiz bilen yzygiderli habarlaşýarys we muňa ynanyp bilemzok. Göräýmäge, atamyz o dünýäden bize gol uzadan ýaly” – diýip, ol gürrüň berdi.

Okeanografiýa professory Çarita Pattiaratçi çüýşäniň Uly Awstraliýa aýlagyndan iberilenden soň bary-ýogy birnäçe hepde suwda bolandygyny, soňra derrew kenara çykyp, şol ýerde 109 ýyl ýatandygyny çaklaýar. 


22.04.2026 17:08
7.2k+

22 sagatlap howada bolmak isleýänlere: Qantas dünýäniň iň uzak uçuşlaryny taýýarlaýar

Awstraliýanyň Qantas awiakompaniýasy awiasiýa taryhynda iň dowamly täjirçilik uçuşlaryny amala aşyrmaga taýýarlanýar. Täze gatnawlar Sidneý şäherini London we Nýu-Ýork bilen birleşdirer....

20.04.2026 14:53
12k+

91 ýaşynda ata boldy: Awstraliýanyň ýaşaýjysy Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

Awstraliýaly Çarlz Smit dünýäde ilkinji gezek ata bolan iň garry erkek adam hökmünde Ginnesiň rekordlar kitaby tarapyndan resmi taýdan ykrar edildi. Agtygy Aýlanyň dünýä inen pursatynda Smitiň ýaşy 91 ýyl 209......

18.04.2026 15:16
3.4k+

Dünýäniň iň uly sebitleriniň reýtingi: Saha Respublikasyndan başlap Günbatar Awstraliýa çenli

Sebitler, awtonom territoriýalar, ülkeler we ştatlar – bularyň hemmesi ýurtlaryň administratiw-territorial birlikleridir. Olar taryhy, geografik, ykdysady we etniki faktorlara esaslanyp döredilýär. Şol bir......

16.01.2026 15:32
1.3k+

Meta Awstraliýany ýetginjekler üçin sosial torlary gadagan edýän kanuna gaýtadan seretmäge çagyrýar

Meta Awstraliýany 16 ýaşdan kiçi ýetginjeklere sosial torlary ulanmagy gadagan edýän dünýäde ilkinji kanuny gaýtadan gözden geçirmäge çagyrýar. Kompaniýa täze kanuna laýyklykda 544,000-den gowrak hasaby bloklady» diýip CNA habar berýär...