Meta Awstraliýany ýetginjekler üçin sosial torlary gadagan edýän kanuna gaýtadan seretmäge çagyrýar

  • 16.01.2026 15:32
  • 1.3k+

Meta Awstraliýany 16 ýaşdan kiçi ýetginjeklere sosial torlary ulanmagy gadagan edýän dünýäde ilkinji kanuny gaýtadan gözden geçirmäge çagyrýar. Kompaniýa täze kanuna laýyklykda 544,000-den gowrak hasaby bloklady» diýip CNA habar berýär.

Awstraliýada kabul edilen kanun geçen ýylyň 10-njy dekabrynda güýje girdi. Bu kanun Meta, TikTok we YouTube ýaly iri internet platformalaryndan kämillik ýaşyna ýetmedik ulanyjylar üçin hasap döretmezligi talap edýär.
Meta geçen hepdede ýetginjekleriň Instagramda 331,000, Facebookda 173,000 we Threads-da 40,000 hasabyny aýyrandygyny habar berdi. Kompaniýa kanunyň talaplaryna hormat goýýandygyny subut edýän hereketleri etse-de, ýagdaýyň öz peýdasyna üýtgemegine umyt bildirýär. Muny Metanyň «Şeýle-de bolsa, biz Awstraliýanyň hökümetini bu babatda has gowy çykalga tapmak ugrunda pudak bilen konstruktiw gatnaşykda bolmaga çagyrýarys. Meselem, munuň üçin umumy gadaganlyklary ornaşdyrmagyň deregine tutuş pudagy internetde howpsuz, gizlinligi goraýan we ýaşyna laýyk mazmun bermek üçin zerur bolan ölçegleriň kämilleşdirmäge höweslendirip bolardy» diýlen ýaly görnüşdäki mazmundaky beýanatyndan hem açyk duýmak bolýar.
Meta şeýle hem programma dükanlaryndan 16 ýaşdan kiçi adamlaryň programmalary geçirip almazyndan öň, olaryň ýaşyny barlamagy we bu babatda ene-atalaryň razylygyny almagyny talap etmek hakdaky teklibini gaýtalady. Kompaniýa munuň ýetginjekleriň degişli gadaganlyklardan sowulmaga mümkinçilik döredýän başga platformalara geçmekleriniň öňüni almaga kömek etjekdigine ynanýar.
Şonuň ýaly-da Meta ene-atalaryň we bilermenleriň ýetginjekleriň internet jemgyýetlerinden şeýle görnüşde daşlaşdyrylmagy olaryň gowşak düzgünli internet giňişligine ýykgyn etmeklerine eltip biljekdigi barada alada edýändiklerini-de belleýär.
Ýeri gelende, Awstraliýada kanuna laýyk gelmek üçin akylly-başly ädim ätmeýän kompaniýalara 49,5 million awstraliýa dollaryna (33 million ABŞ dollary) çenli möçberde jerime salynýandygyny-da  ýatlatmak gerek.


düýn 10:16
5.7k+

Awstraliýada bahasy 200 müň dollar bolan 100 müňden gowrak ekzotik saçakçy ele salyndy

Awstraliýanyň Täze Günorta Uels ştatynda howpsuzlyk gullugynyň işgärleri umumy bahasy takmynan 200 müň dollar bolan 100 müňden gowrak janly ekzotik saçakçyny ele saldylar. Bu barada The Guardian gazeti habar......

30.05.2026 11:28
1.5k+

YouTube ulanyjynyň islegi boýunça wideo saýlamagy öwrendi

YouTube wideohostingi emeli aňyň kömegi bilen wideolaryň şahsy lentalaryny döretmegiň täze funksiýasyny işe girizdi. Indi saýlama wideolaryň ýygyndysyny döretmek üçin ulanyja diňe isleýän kontentiniň tekstli......

26.05.2026 15:58
2.1k+

Ýewropada TikTok we X bilen bäsleşjek botsuz we galp hasapsyz täze sosial ulgamlar işe girizilýär

Ýewropada täze sosial ulgamlar peýda bolup, özlerini TikTok-a, X-e we Instagram-a alternatiwa hökmünde görkezýärler. Taslamalary işläp düzüjiler maglumatlary goramaga, botlara garşy göreşmäge hem-de amerikan......

23.05.2026 16:18
3.7k+

Sukerberg Meta-da 8 müň işgäri işden çykarýar

Meta kompaniýasynyň ýolbaşçysy Mark Sukerberg, takmynan, 8 müň işgäriň işden çykaryljagyny mälim etdi, bu bolsa kompaniýanyň bütin dünýädäki umumy işgärler sanynyň 10%-ine barabar. Bu çözgüt kompaniýanyň......