YouTube Shorts wideolaryna smart-telewizorlarda 2 mlrd sagat tomaşa edildi

  • 18.05.2026 09:36
  • 1.5k+

YouTube ulanyjylary her aýda telewizorlarda dikligine düşürilen gysga Shorts wideolaryna 2 milliard sagatdan gowrak wagt tomaşa edýär. Aslynda, şeýle format ilkibaşda smartfonlar üçin döredilipdi.

Smart-telewizorlar YouTube-yň ösüşiniň esasy ugurlarynyň biri bolmagynda galýar. Diňe ABŞ-nyň özünde tomaşaçylar her gün telewizorlarda platformanyň kontentine 200 million sagatdan gowrak wagt sarp edýär. Kompaniýa Shorts wideolaryny has işjeň ilerledip başlady: gysga wideolar gözlegiň netijelerinde peýda bolýar, tiz wagtdan bolsa Google TV enjamlarynda «Siz üçin gysga wideolar» diýen aýratyn lenta dörediler.

Dik formatyň aýratynlyklary sebäpli telewizorlarda ekranyň gapdallarynda boş ýerler galýar. Şeýle aýratynlygy göz öňünde tutup, YouTube goşundynyň interfeýsini täzeledi we wideolaryň gapdalynda teswirleriň görkezilmegini goşdy.

Telewizorlarda tomaşa etmegiň meşhurlygynyň artmagy podkastlara hem täsir etdi. Striming platformalary olara wideony we audiony birleşdirýän format hökmünde garaýar. Ulanyjylar şeýle programmalary görüp ýa-da telewizorlary açyk goýup, ýönekeý diňläp bilýär.

2025-nji ýylda YouTube-yň auditoriýasy telewizorlarda her aýda 700 million sagatdan gowrak wagt podkasta tomaşa etdi. Bir ýyl öň bu görkeziji 400 million sagatdy. Netflix hem iri neşirýatlar bilen ylalaşyk baglaşyp hem-de aýratyn şoulara eksklýuziw hukuklary alyp, wideopodkastlara işjeň maýa goýup başlady.


16.06.2026 23:19
2.4k+

Beýik Britaniýa 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial torlary ulanmagy gadagan eder

Beýik Britaniýanyň hökümeti 16 ýaşyna ýetmedik çagalaryň sosial torlardan peýdalanmagyny gadagan etmäge taýýarlyk görýär. Täze düzgünleriň 2027-nji ýylyň başynda güýje girmegine garaşylýar diýip, «BBC» habar......

14.06.2026 14:07
4k+

MrBeast YouTube-da agzalary 500 milliona ýeten ilkinji bloger boldy

Jimmi «MrBeast» Donaldson YouTube platformasynda 500 million yzarlaýjy görkezijisine ýeten ilkinji bloger boldy. Ol bu pursaty platformada göni ýaýlymda görkezdi....

30.05.2026 11:28
1.6k+

YouTube ulanyjynyň islegi boýunça wideo saýlamagy öwrendi

YouTube wideohostingi emeli aňyň kömegi bilen wideolaryň şahsy lentalaryny döretmegiň täze funksiýasyny işe girizdi. Indi saýlama wideolaryň ýygyndysyny döretmek üçin ulanyja diňe isleýän kontentiniň tekstli......

20.05.2026 10:19
1.5k+

YouTube we Snap sosial ulgamlaryň okuwçylara täsiri baradaky kazyýet işini kadalaşdyrdylar

YouTube wideohostingi we Snap kompaniýasy Kentukki ştatynyň Breýsitt mekdep okrugynyň platformalary kämillik ýaşyna ýetmedikleriň ruhy saglygyna sosial ulgamlaryň ýaramaz täsirinde aýyplan kazyýet işi boýunça......