YouTube ulanyjynyň islegi boýunça wideo saýlamagy öwrendi

  • 30.05.2026 11:28
  • 1.5k+

YouTube wideohostingi emeli aňyň kömegi bilen wideolaryň şahsy lentalaryny döretmegiň täze funksiýasyny işe girizdi. Indi saýlama wideolaryň ýygyndysyny döretmek üçin ulanyja diňe isleýän kontentiniň tekstli düşündirişini ýazmak ýeterlik diýip, «Android Authority» neşiri habar berýär.

Bu täze gural platformanyň baş sahypasynda ýerleşýän «Your custom feed» atly ýörite düwme arkaly elýeterlidir. Şol düwmä basylandan soň, ekranda islegi ýazmak üçin niýetlenen meýdança açylýar. Ulanyjy özüni gyzyklandyrýan temany özbaşdak düşündirip biler ýa-da ulgamyň hödürleýän taýýar görnüşleriniň birini saýlap biler. Döredilen şahsy lentany interfeýsiň iň ýokarky böleginde berkidip, zerur bolan ýagdaýynda täze wideo toplumyny döretmek üçin ony üýtgedip bolýar.

«Android Authority» neşiriniň bellemegine görä, bu täze funksiýa synag-eksperimental görnüşinde däl-de, eýsem doly derejeli resmi reliz hökmünde işe girizildi. Ilkinji tapgyrda ol kem-kemden diňe ABŞ-daky hasaba alnan ulanyjylar üçin mobil gurluşlarda we kompýuterlerde elýeterli bolar.

Bu guralyň işlemegi üçin akkaunt sazlamalarynda gözleg hem-de wideo tomaşalarynyň taryhy işjeňleşdirilen bolmaly. Häzirki wagtda bu interfeýs diňe iňlis dilini goldaýar.

Eger-de algoritm ýazylan islegi nädogry kabul etse, ulanyjy lentanyň ýanyndaky üç nokatly menýu arkaly işläp düzüjilere seslenme iberip biler. Munuň üçin funksiýanyň işindäki näsazlyklar barada habar bermäge mümkinçilik berýän «Something wrong?» diýen ýörite bölüm göz öňünde tutuldy.


16.06.2026 23:19
2.2k+

Beýik Britaniýa 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial torlary ulanmagy gadagan eder

Beýik Britaniýanyň hökümeti 16 ýaşyna ýetmedik çagalaryň sosial torlardan peýdalanmagyny gadagan etmäge taýýarlyk görýär. Täze düzgünleriň 2027-nji ýylyň başynda güýje girmegine garaşylýar diýip, «BBC» habar......

16.06.2026 12:35
6.1k+

Hindistanda öý hojalykçy aýallar we işçiler emeli aň üçin wideo düşürip gazanç edýärler

Hindistanda emeli aň robotlaryny gündelik işleriň ýerine ýetirilişini wideo ýazgy etmek arkaly okatmaga kömek edýän işçilere bolan isleg artýar. Şeýle iş üçin maksatnamanyň gatnaşyjylary sagadyna 3 dollardan......

14.06.2026 14:07
3.9k+

MrBeast YouTube-da agzalary 500 milliona ýeten ilkinji bloger boldy

Jimmi «MrBeast» Donaldson YouTube platformasynda 500 million yzarlaýjy görkezijisine ýeten ilkinji bloger boldy. Ol bu pursaty platformada göni ýaýlymda görkezdi....

04.06.2026 23:16
5.1k+

ABŞ-nyň kazyýeti iň uly atmosfera barlaglary merkeziniň başga operatora geçirilmegini gadagan etdi

ABŞ-nyň Federal kazyýeti döwlet edaralarynyň amala aşyrýan çäreleriniň kanunylygyny şübhe astyna alyp, ABŞ-nyň Atmosfera barlaglary boýunça milli merkeziniň (NCAR) superkompýuter merkezini başga bir operatora......