MrBeast YouTube-da agzalary 500 milliona ýeten ilkinji bloger boldy

  • düýn 14:07
  • 3.2k+

Jimmi «MrBeast» Donaldson YouTube platformasynda 500 million yzarlaýjy görkezijisine ýeten ilkinji bloger boldy. Ol bu pursaty platformada göni ýaýlymda görkezdi.

Donaldsonyň bu üstünligi YouTube-yň taryhynda täze rekord boldy. Mundan ozal hiç bir kanal, aýratyn hem blogerleriň arasynda bular ýaly görkezijä ýetip bilmändi. MrBeast sanlaryň yzyndan kowalaşmaýandygyny we ünsüni täze wideolara gönükdirmegi makul bilýändigini belledi. Şol bir wagtyň özünde, bloger goldawlary, kanalyna agza bolýandyklary we tomaşa edýändikleri üçin muşdaklaryna minnetdarlyk bildirdi.

MrBeast öz karýerasyna 2012-nji ýylda başlady, ýöne diňe 2017-nji ýylda «I Counted To 100 000!» wideosynyň çykmagy bilen meşhurlyk gazandy. Ol, esasan, göwün açyjy wideolary, çellenjleri we haýyr-sahawat çärelerini düşürýär. Donaldsonyň YouTube-da agzalarynyň sany boýunça iň ýakyn bäsdeşi seriallaryň, filmleriň we sazlaryň ýazgylaryny çykarýan T-Series hindi kanalydyr.

Yzarlaýjylarynyň sany boýunça YouTube-yň Top-10 kanaly:

  1. MrBeast — 500 mln (bloger);
  2. T-Series — 312 mln (filmler, aýdym-saz);
  3. Cocomelon — 210 mln (çagalar üçin wideolar);
  4. SET India — 189 mln (TW-şüweleň);
  5. Vlad and Niki — 150 mln (blogerler, çagalar kontenti);
  6. Stokes Twins — 140 mln (blogerler);
  7. Kids Diana Show — 138 mln (çagalar kontenti);
  8. KIMPRO — 133 mln (blogerler);
  9. Like Nastya — 132 mln (bloger, çagalar kontenti);
  10. Zee Music Company — 122 mln (aýdym-saz).

30.05.2026 11:28
1.5k+

YouTube ulanyjynyň islegi boýunça wideo saýlamagy öwrendi

YouTube wideohostingi emeli aňyň kömegi bilen wideolaryň şahsy lentalaryny döretmegiň täze funksiýasyny işe girizdi. Indi saýlama wideolaryň ýygyndysyny döretmek üçin ulanyja diňe isleýän kontentiniň tekstli......

20.05.2026 10:19
1.5k+

YouTube we Snap sosial ulgamlaryň okuwçylara täsiri baradaky kazyýet işini kadalaşdyrdylar

YouTube wideohostingi we Snap kompaniýasy Kentukki ştatynyň Breýsitt mekdep okrugynyň platformalary kämillik ýaşyna ýetmedikleriň ruhy saglygyna sosial ulgamlaryň ýaramaz täsirinde aýyplan kazyýet işi boýunça......

19.05.2026 21:42
5.1k+

Ronaldu DÇ-2026-yny YouTube-da mugt görkezjek strimingde paý satyn aldy

Saud Arabystanynyň «Al-Nasr» klubunyň hüjümçisi Kriştianu Ronaldu Braziliýanyň CazeTV platformasy bilen baglanyşykly bolan LiveModeTV halkara media taslamasynda paý satyn aldy. Bu şertnama futbolçynyň 2026-njy......

18.05.2026 09:36
1.5k+

YouTube Shorts wideolaryna smart-telewizorlarda 2 mlrd sagat tomaşa edildi

YouTube ulanyjylary her aýda telewizorlarda dikligine düşürilen gysga Shorts wideolaryna 2 milliard sagatdan gowrak wagt tomaşa edýär. Aslynda, şeýle format ilkibaşda smartfonlar üçin döredilipdi....