YouTube we Snap sosial ulgamlaryň okuwçylara täsiri baradaky kazyýet işini kadalaşdyrdylar

  • 20.05.2026 10:19
  • 1.5k+

YouTube wideohostingi we Snap kompaniýasy Kentukki ştatynyň Breýsitt mekdep okrugynyň platformalary kämillik ýaşyna ýetmedikleriň ruhy saglygyna sosial ulgamlaryň ýaramaz täsirinde aýyplan kazyýet işi boýunça parahatçylykly ylalaşyk baglaşdylar.

2026-njy ýylyň 15-nji maýynda berlen kazyýet resminamalaryna görä, taraplar jedeli kadalaşdyrmak barada ylalaşdylar. Şertnamanyň şertleri aýan edilmeýär.

Arza beriji tarap platformalaryň algoritmleriniň ýetginjeklerde garaşlylygy emele getirýändigini, munuň bolsa okuwçylaryň psihologik ýagdaýynyň ýaramazlaşmagyna we mekdepleriň çagalara goldaw bermek üçin çykdajylaryny artdyrmaga mejbur edýändigini öňe sürdi.

Kazyýet işinde ýetginjekleriň arasynda biynjalyklygyň we ruhyçökgünligiň artýandygy barada hem aýdyldy. Mundan ozal ABŞ-nyň dürli ştatlaryndaky onlarça mekdep okruglary hem meňzeş şikaýatlary öňe sürüpdiler.

YouTube-yň wekilleri iş tamamlanandan soň, kämillik ýaşyna ýetmedik ulanyjylary goramaga hem-de onlaýn gurşawyň howpsuzlygyny ýokarlandyrmak üçin mugallymlar, mekdep administrasiýasy we ene-atalar bilen hyzmatdaşlyk etmäge taýýardyklaryny bildirdiler.

Töwekgelçilikleri azaltmak üçin platformalar ekranda bolunýan wagty gözegçilikde saklaýan gurallary, ene-atalaryň gözegçilik funksiýalaryny we mazmuny süzýän ulgamlary ulanýarlar. Şeýle hem kompaniýalar zyýanly bolmagy mümkin bolan mazmunyň ýaýramagyny çäklendirmek üçin maslahat beriş algoritmlerini sazlaýarlar.

Bilermenler ylalaşygyň geljekki kazyýet tejribesine täsir edip biljekdigini belleýärler. Häzirki wagtda ABŞ-da iri tehnologiýa kompaniýalaryna garşy sosial ulgamlaryň çagalara we ýetginjeklere edýän täsiri bilen baglanyşykly ýüzlerçe meňzeş kazyýet işleri garalýar.


27.06.2026 12:00
4.4k+

Aldawçylygyň aýlawly netijesi: alymlar zabun terbiýäniň çagalara ökdelik bilen aldamagy öwredýändigini subut etdiler

Çagalary terbiýelemekde aşa berk çemeleşme we fiziki temmi bermek tersine netijäni berýär. Garaşylýan tertip-terbiýäniň ýerine çagalarda ýalan sözlemek we aldamak meýilleri döreýär....

19.06.2026 19:40
3k+

Çagalarda uky ýetmezçiligi bilen ýetginjeklik döwründäki depressiýanyň arasynda baglanyşyk tapyldy

Birmingem uniwersitetiniň alymlarynyň geçiren barlagy çagalykdaky uky ýetmezçiliginiň ýetginjeklik we ýaşlyk döwründe depressiýanyň ösüş töwekgelçiligini iki esse artdyryp biljekdigini görkezdi. Bu barada......

17.06.2026 10:36
2.2k+

Barlaglar kagyz kitaplary okamagyň garaşylmadyk artykmaçlyklarynyň bardygyny görkezdi

Tokio uniwersitetiniň alymlary kagyz kitaplary okamagyň ekrandan okamak bilen deňeşdirilende, beýniniň wakalary ählitaraplaýyn özara baglanyşdyryp, ýatda saklamagyna has täsirli kömek edýändigini anykladylar.......

16.06.2026 23:19
2.4k+

Beýik Britaniýa 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial torlary ulanmagy gadagan eder

Beýik Britaniýanyň hökümeti 16 ýaşyna ýetmedik çagalaryň sosial torlardan peýdalanmagyny gadagan etmäge taýýarlyk görýär. Täze düzgünleriň 2027-nji ýylyň başynda güýje girmegine garaşylýar diýip, «BBC» habar......