Ronaldu DÇ-2026-yny YouTube-da mugt görkezjek strimingde paý satyn aldy

  • 19.05.2026 21:42
  • 5.2k+

Saud Arabystanynyň «Al-Nasr» klubunyň hüjümçisi Kriştianu Ronaldu Braziliýanyň CazeTV platformasy bilen baglanyşykly bolan LiveModeTV halkara media taslamasynda paý satyn aldy. Bu şertnama futbolçynyň 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň öňüsyrasynda sanly media gurşawyndaky biznes gyzyklanmalaryny giňeltmeginiň bir bölegi boldy.

Portugaliýaly futbolçynyň goýan maýasynyň möçberi we anyk paýy aýan edilmeýär.

«Biziň maksadymyz — sporty hemme kişi üçin elýeterli etmek we ony täze, ruhlandyryjy görnüşde hödürlemekdir. Biz YouTube-da ýaýlyma bermek arkaly hem-de kontentleri ähli sosial ulgamlarda ýaýratmak arkaly tomaşaçylaryň sanyny köpeltmek we olaryň gyzyklanmasyny has-da ýokarlandyrmak isleýäris» – diýip, Ronaldu «Bloomberg» neşirine beren teswirinde aýtdy.

LiveModeTV — Braziliýanyň CazeTV mediaplatformasynyň arkasynda duran LiveMode kompaniýasynyň halkara ugrudyr. CazeTV-ni dürli platformalarda jemi 26,2 million agzasy bolan strimer we bloger Kasimiro Migel döretdi. Soňky ýyllarda bu taslama Braziliýanyň media-bazarynyň iň belli oýunçylarynyň birine öwrüldi.

Halkara giňişliklere çykmak üçin ilkinji ädimleriň biri hökmünde bu kanal Portugaliýada işe girizildi. Taslama 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň her oýun gününiň bir merkezi duşuşygyny YouTube-da mugt görkezmek hukugyna eýe boldy. Iýun we iýul aýlarynda geçiriljek ýaryşyň dowamynda jemi 34 oýny görkezmek meýilleşdirilýär.

CazeTV platformasy 2022-nji ýylda işe girizildi we 2022-nji ýylyň dünýä çempionaty, 2023-nji ýylyň aýallaryň arasyndaky dünýä çempionaty, şeýle hem täze formatda geçirilen Klublaýyn dünýä çempionaty ýaly iri futbol ýaryşlaryny ýaýlyma bermek arkaly belli boldy.


16.06.2026 23:19
2.4k+

Beýik Britaniýa 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial torlary ulanmagy gadagan eder

Beýik Britaniýanyň hökümeti 16 ýaşyna ýetmedik çagalaryň sosial torlardan peýdalanmagyny gadagan etmäge taýýarlyk görýär. Täze düzgünleriň 2027-nji ýylyň başynda güýje girmegine garaşylýar diýip, «BBC» habar......

14.06.2026 14:07
4k+

MrBeast YouTube-da agzalary 500 milliona ýeten ilkinji bloger boldy

Jimmi «MrBeast» Donaldson YouTube platformasynda 500 million yzarlaýjy görkezijisine ýeten ilkinji bloger boldy. Ol bu pursaty platformada göni ýaýlymda görkezdi....

13.06.2026 09:33
10k+

Eger ABŞ DÇ-2026-da ýeňiji bolsa, Jeep 100 sany wnedorožnigi sowgat berer. Emma birje ýönesi bar...

Amerikanyň Jeep brendi Futbol boýunça dünýä çempionatynyň şanyna adaty bolmadyk watançylyk mahabat kampaniýasyny başlady. Kompaniýa eger ABŞ-nyň topary çempionatda ýeňiş gazansa, 100 sany Jeep Wrangler......

12.06.2026 15:47
12k+

Şakira, labubu we astekler: DÇ-2026-nyň açylyş dabarasy nähili geçdi (FOTO)

Meksikanyň paýtagtyndaky «Asteka» stadionynda futbol boýunça dünýä çempionatynyň açylyş dabarasy boldy we ol ýaryşyň ilkinji resmi duşuşygynyň öňüsyrasynda guraldy. Bu uly şüweleň, esasan, iki bölege bölündi....