TikTok ABŞ-da çagalaryň maglumatlary boýunça gozgalan dawany çözmek üçin 400 million dollar tölär

  • 13.05.2026 20:01
  • 4.5k+

ABŞ-nyň hökümeti we TikTok sosial ulgamynyň ýolbaşçylygy kämillik ýaşyna ýetmedik ulanyjylaryň gizlinliginiň bozulmagy bilen bagly giň gerimli derňew işi boýunça ylalaşyk baglaşmaga golaýlaşýarlar. Tölenjek öwez töleginiň mukdarynyň takmynan 400 million dollar bolmagyna garaşylýar.

Bu jerime, ABŞ-nyň Ýustisiýa ministrliginiň 13 ýaşyna ýetmedik çagalaryň şahsy maglumatlaryny işläp taýýarlamak usullaryna bildiren närazlyklary sebäpli, platformanyň taryhyndaky iň uly jerimeleriň biri bolar.

Gözegçilik ediji edaralaryň 2024-nji ýyldaky arzalarynda görkezilen esasy närzaçylyklary, çagalaryň hyzmata päsgelçiliksiz girmegi we ene-atalarynyň razylygy bolmazdan olaryň şahsy maglumatlarynyň ulgamlaýyn ýygnalmagy bilen baglydyr.

Derňewiň netijelerine görä, ByteDance kompaniýasy içerki howpsuzlyk protokollaryna bilkastlaýyn üns bermändir, bu bolsa federal kanunçylygyň köpçülikleýin bozulmagyna getiripdir. Şeýle-de, ministrlik platformada moderatorlyk we ýaşy tassyklaýyş mehanizmleriniň netijeliliginiň pesdigini aýdyp geçdi.

Ylalaşygyň geň tarapy bolsa, jerime serişdeleriniň nirede ulanyljakdygy baradaky çekişmeler boldy. Ak tam kiberhowpsuzlyk boýunça bilim maksatnamalaryny maliýeleşdirmek ýaly adaty çemeleşmäniň deregine, bu serişdeleri şäher gurluşygyna gönükdirmek mümkinçiligine seredýär. Hususan-da, Donald Tramp tarapyndan teklip edilen, Waşingtonda beýikligi 76 metr bolan dabaraly derwezäni gurmak taslamasy ara alnyp maslahatlaşylýar.

Bu ylalaşyk ABŞ-da daşary ýurt tehnologiýa agirtlerine gözegçiligi güýçlendirmekde möhüm başlangyç bolar.


22.06.2026 00:57
5.4k+

ABŞ BMG-ä 1 mlrd dollardan gowrak ynsanperwer kömegini berdi

ABŞ-nyň Döwlet departamenti ynsanperwerlik maksatly, şeýle-de tebigi betbagtçylyklaryň netijelerini ýok etmek üçin 1 milliard dollardan gowrak serişdäniň bölünip berlendigini yglan etdi. Bu serişdeler BMG-niň......

19.06.2026 19:53
2.3k+

Google gurluşykçy we elektrik hünärleri okuwyna $50 mln gönükdirmekçi

Google kompaniýasy «Google.org» gaznasy arkaly ABŞ-nyň 20-den gowrak ştatynda işçi hünärleri boýunça okuw maksatnamalaryna 50 million dollar gönükdirer. Kompaniýa bu taslamanyň çäginde 300 müňden gowrak......

19.06.2026 19:40
2.9k+

Çagalarda uky ýetmezçiligi bilen ýetginjeklik döwründäki depressiýanyň arasynda baglanyşyk tapyldy

Birmingem uniwersitetiniň alymlarynyň geçiren barlagy çagalykdaky uky ýetmezçiliginiň ýetginjeklik we ýaşlyk döwründe depressiýanyň ösüş töwekgelçiligini iki esse artdyryp biljekdigini görkezdi. Bu barada......

17.06.2026 10:36
2.1k+

Barlaglar kagyz kitaplary okamagyň garaşylmadyk artykmaçlyklarynyň bardygyny görkezdi

Tokio uniwersitetiniň alymlary kagyz kitaplary okamagyň ekrandan okamak bilen deňeşdirilende, beýniniň wakalary ählitaraplaýyn özara baglanyşdyryp, ýatda saklamagyna has täsirli kömek edýändigini anykladylar.......