TikTok-da görüp oturan wideolaryňdan myhmanhanalary we syýahatlary göni bronlamak hyzmaty peýda boldy

  • 17.05.2026 23:27
  • 3.1k+

TikTok kompaniýasy myhmanhanalary, gözel ýerleri we güýmenje ýerleri gözlemek hem-de bronlamak funksiýalaryny göni ykjam goşundynyň içine birleşdirýän TikTok GO hyzmatynyň resmi taýdan işe girizilendigini yglan etdi.

Indi ulanyjylar wideo görýän wagtlary platformadan çykmazdan, özlerini gyzyklandyran ýer barada jikme-jik maglumat alyp, boş ýerleriň bardygyny barlap we satyn alyş amallaryny dessine amala aşyryp bilerler.

Bu taslamada syýahatçylyk bazarynyň iň iri wekilleri bolan Booking.com, Expedia, Viator, GetYourGuide, Tiqets we Trip.com ýaly kompaniýalar hyzmatdaş hökmünde çykyş edýärler.

TikTok GO-nyň işe girizilmegi, kompaniýanyň programmany ählumumy ekoulgama öwürmek strategiýasyny tassyklaýar. Bu ulgam ulanyjyny ylham gözlemekden tä töleg amallaryny ýerine ýetirýänçä ähli tapgyrlarda öz içinde saklaýar. Ozal meňzeş usul elektron söwdany wideo şekillere goşan TikTok Shop taslamasynda ulanylypdy. Indi bolsa şol tejribe syýahatçylyk pudagyna geçirildi.

TikTok GO-nyň döredilmegi bloggerler we kontent döredijiler üçin täze girdeji gapylaryny açýar. Öz wideolarynda myhmanhanalary ýa-da syýahatçylyk nokatlaryny görkezýän awtorlar indi öz neşirlerini göni bronlaýyş ulgamy bilen baglap bilerler. Bu bolsa blogerlere komissiýa töleglerinden we mahabat kampaniýalaryndan pul gazanmaga mümkinçilik berýär.

TikTok GO-nyň peýda bolmagy Google bilen bäsdeşligi has-da güýçlendirýär, sebäbi ulanyjylar indi esasy gözleg ulgamy hökmünde sosial platformany has ýygy saýlaýarlar. Geň ýeri, Booking.com we Expedia ýaly hyzmatdaşlar syýahatçylyk gözlegi segmentinde TikTok-yň bäsdeşleri bolup durýarlar.

«Her gün millionlarça adam TikTok-da nirede iýmitlenmelidigi, nirede galmalydygy we näme etmelidigi barada maglumat alýar. TikTok GO şol ylham pursadyny göni degişli kärhanalar bilen baglanyşdyrýar. Bu bolsa kontent döredijiler, ýerli telekeçiler we jemgyýetçilik üçin örän bähbitlidir» — diýip, TikTok USDS Joint Venture kärhanasynyň baş direktory Adam Presser belledi.

Häzirki wagtda TikTok GO hyzmaty diňe ABŞ-nyň çäklerinde we 18 ýaşdan uly ulanyjylar üçin elýeterlidir.


26.05.2026 15:58
2.1k+

Ýewropada TikTok we X bilen bäsleşjek botsuz we galp hasapsyz täze sosial ulgamlar işe girizilýär

Ýewropada täze sosial ulgamlar peýda bolup, özlerini TikTok-a, X-e we Instagram-a alternatiwa hökmünde görkezýärler. Taslamalary işläp düzüjiler maglumatlary goramaga, botlara garşy göreşmäge hem-de amerikan......

25.05.2026 16:10
2k+

Time Out žurnaly Ýewropanyň we dünýäniň iň gowy medeni şäherleriniň haýsylardygyny mälim etdi

Dünýä belli Time Out žurnaly medeni durmuşy baý we ösen iň gowy şäherleriň täze sanawyny çap etdi. Bu gezekki reýtingde dünýä boýunça birinji ýere London mynasyp boldy....

21.05.2026 11:49
4.9k+

Tarapa görä görnüşini üýtgedýän Pariž gökdiräni 180 metr beýiklige ýetdi

Şweýsariýanyň Herzog & de Meuron binagärlik edarasy tarapyndan taslamalaşdyrylan Pariždäki «Tour Triangle» (Üçburçluk diňi) gökdiräniň boýy meýilleşdirilen 180 metre ýetdi. Bu ymarat şäher çägindäki Eýfel......

13.05.2026 20:01
4.4k+

TikTok ABŞ-da çagalaryň maglumatlary boýunça gozgalan dawany çözmek üçin 400 million dollar tölär

ABŞ-nyň hökümeti we TikTok sosial ulgamynyň ýolbaşçylygy kämillik ýaşyna ýetmedik ulanyjylaryň gizlinliginiň bozulmagy bilen bagly giň gerimli derňew işi boýunça ylalaşyk baglaşmaga golaýlaşýarlar. Tölenjek......