Time Out žurnaly Ýewropanyň we dünýäniň iň gowy medeni şäherleriniň haýsylardygyny mälim etdi

  • 25.05.2026 16:10
  • 2k+

Dünýä belli Time Out žurnaly medeni durmuşy baý we ösen iň gowy şäherleriň täze sanawyny çap etdi. Bu gezekki reýtingde dünýä boýunça birinji ýere London mynasyp boldy.

Bu sanaw dürli ýurtlardan 24 müňden gowrak ýaşaýjynyň arasynda geçirilen sorag-jogap esasynda taýýarlanyldy. Sanawa jemi 20 şäher girip, olaryň 9-sy Ýewropada ýerleşýär. Hatda ilkinji onlugyň 6-syny hem  ýewropa şäherleri eýeleýär.

Žurnalyň iň öňdebaryjy şäherler baradaky maglumatlary:

London

Britaniýanyň paýtagtynda «V&A East» we «V&A East Storehouse» ýaly täze uly medeni merkezleriň açylmagy onuň birinji ýere mynasyp bolmagyna şert döretdi. Şeýle hem, şu ýylyň ahyrynda London muzeýi Smitfilddäki täze binasynda gaýtadan gapylaryny açar.

Şäheriň beýleki artykmaç taraplary hökmünde meşhur West-End teatrlary, mugt gülki agşamlary we awangard jazdan başlap, tä det-metala çenli her dürli janly aýdym-saz konsertleri görkezilýär.

Ýerli ýaşaýjylaryň takmynan 90%-i şäheriň teatr durmuşyna, 88%-i muzeýlerine, 81%-i bolsa galereýalaryna ýokary baha berdi.

«Dogrusyny aýtsak, dünýäniň hiç bir ýerinde girişi bütinleý mugt bolan şeýle köp ýokary derejeli galereýa we muzeý ýok. Diňe Günorta Kensingtonyň özündäki täsin eksponatlar Amerikanyň ähli ştatlaryndakylary bilelikde alanyňdakydan hem kändir. Iň geň galdyrýan ýeri bolsa, bu ýerde hemmesi mugt we dünýä derejeli bolan täze muzeýler yzygiderli açylyp dur» diýip, žurnalda aýratyn bellenilýar.

Pariž

Fransiýanyň paýtagty medeni durmuş boýunça ýaşaýjylardan iň ýokary – 100% göterim gowy baha almagy başardy. Ýylyň iň esasy wakalarynyň hatarynda Gran-Paledäki Matissiň sergisi we Dekoratiw sungat muzeýindäki «Art-deko sungatynyň ýüz ýyllygy» atly uly çäreler görkezilýär.

«Pariž elmydama meşhur medeniýet işgärlerini-de, täze parlan zehinleri-de gujak açyp garşylaýar. 2026-njy ýylda hem bu şäher surata düşürmekden başlap, şekillendiriş sungatyna, binagärlikden tä moda çenli ähli ugurlarda şol öňki joşguny bilen öňe barýar» diýip, Time Out baha berýär.

Nýu-Ýork

Amerikanyň bu ägirt uly megapolisi baý edebiýat we aýdym-saz däpleri, bütin dünýä belli muzeýleri we teatr oýunlary bilen tapawutlandy. Žurnalistleriň pikiriçe, Nýu-Ýork şu ýyl medeni taýdan özüni has-da güýçli görkezer.

Žurnalda ýazylyşy ýaly, Metropoliten muzeýinde Amerikada ilkinji gezek Rafaeluň giňişleýin sergisi, MoMA-da Marsel Düşanyň retrospektiwasy we Bruklin muzeýinde modelýer Iris wan Herpeniň täsin lybaslar sergisi garaşýar. Şäher seýilgählerinde bolsa bütin ýyl boýunça dürli suratkeşleriň heykeltaraşlyk işleri görkeziler. Garaz Nýu-Ýorkda, hemişe bolşy ýaly, sungaty her ädimde tapyp bolýar.

Berlin

Nemes şäheri sanawda dördünji ýeri eýeledi. Berlin özüniň dürli festiwallary, aýdym-saz çäreleri, Berlinale kinofestiwaly, «Berlin Art Week» sungat hepdeligi we Muzeý adasynyň 200 ýyllyk baýramçylygy bilen tapawutlandy. Žurnalyň ýazmagyna görä, Berlin aýgytly sungaty we gapma-garşylyklary adaty durmuşyň bir bölegine öwürmegi başaran üýtgeşik şäherdir.

Keýptaun

Günorta Afrika Respublikasynyň paýtagty özüniň köpöwüşgünli we yzygiderli ösýän medeni durmuşy bilen sanawa girdi. «Zeitz MOCAA» muzeýi, häzirki zaman heykeltaraşlyk bagy we her aýyň başynda ýerli ýaşaýjylar üçin guralýan mugt sungat gezelençleri şähere aýratyn beleň berýär. Şu ýyl Keýptaun şäheri bu babatda hakyky galkynyş döwrüni başdan geçirýär.

Dünýäniň medeni taýdan ösen 20 şäheriniň doly sanawy:

  1. London (Beýik Britaniýa);
  2. Pariž (Fransiýa);
  3. Nýu-Ýork (ABŞ);
  4. Berlin (Germaniýa);
  5. Keýptaun (GAR);
  6. Melburn (Awstraliýa);
  7. San-Paulo (Braziliýa);
  8. Madrid (Ispaniýa);
  9. Florensiýa (Italiýa);
  10. Krakow (Polşa);
  11. Taýbeý (Taýwan);
  12. Marrakeş (Marokko);
  13. Kopengagen (Daniýa);
  14. Gwadalahara (Meksika);
  15. Afiny (Gresiýa);
  16. Kair (Müsür);
  17. Pekin (Hytaý);
  18. Jaýpur (Hindistan);
  19. Çiangmaý (Taýland);
  20. Lissabon (Portugalýa).

düýn 14:04
3.3k+

ÝB-de Migrasiýa we gaçybatalga baradaky pakt güýje girdi

Ýewropa Bileleşigi tarapyndan 2024-nji ýylyň maýynda kabul edilen Migrasiýa we gaçybatalga baradaky pakt ÝB-niň ähli ýurtlarynda güýje girdi....

07.06.2026 10:04
7.9k+

Dünýäniň 50-den gowrak şäheri täze yssy howa akymlaryna bilelikde taýýarlanýar

Dünýäniň dürli ýurtlaryndan 50-den gowrak şäher häkimleri Birleşen Milletler Guramasynyň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasynyň (ÝUNEP) «50@50» atly täze başlangyjynyň çäginde birleşdiler. Euronews-iň mälim......

07.06.2026 10:00
3.9k+

ÝB bir gezeklik plastik gaplardaky ketçupy, gorçisany we şekeri gadagan edýär

Ýewropa Bileleşigi restoranlarda, kafelerde, myhmanhanalarda we naharhanalarda müşderilere hyzmat edilende souslar, şeker we gaýmak üçin niýetlenen bir gezeklik plastik gaplamalaryny ulanmagy gadagan eder.......

02.06.2026 11:16
2.3k+

Aşgabatda Ýewropa güni medeni-bilim festiwaly bilen bellenildi

Aşgabat şäheriniň «Arkaç» söwda-dynç alyş merkezinde Ýewropa gününe bagyşlanan «Ýewropa syýahaty» atly festiwal geçirildi. Bu medeni-bilim çäresi Ýewropa ýurtlarynyň däp-dessurlaryny bir ýere jemläp, paýtagtyň......