Dünýäniň 50-den gowrak şäheri täze yssy howa akymlaryna bilelikde taýýarlanýar

  • şu gün 10:04
  • 406

Dünýäniň dürli ýurtlaryndan 50-den gowrak şäher häkimleri Birleşen Milletler Guramasynyň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasynyň (ÝUNEP) «50@50» atly täze başlangyjynyň çäginde birleşdiler. Euronews-iň mälim etmegine görä, bu başlangyç ýaşaýjylary häzirki wagtda howa şertleriniň we tebigatyň iň howply töwekgelçilikleriniň birine öwrülýän aşa yssydan goramaga gönükdirilendir.

ÝUNEP-iň maglumatlarynda aşa yssy howanyň her ýyl ýarym milliona golaý adamyň heläk bolmagyna sebäp bolýandygy bellenilýär. Şu ýylyň maý aýynda Ýewropa nobatdaky güýçli yssy howa akymy bilen ýüzbe-ýüz boldy: Fransiýanyň käbir sebitlerinde howanyň temperaturasy kadaly ýagdaýdan 10–15 gradus ýokary galdy, bu bolsa ýaz pasly üçin rekord görkezijileriň we heläkçilikli ýagdaýlaryň hasaba alynmagyna getirdi.

Bütindünýä meteorologiýa guramasy hem tomus yssysyny has-da güýçlendirip biljek kuwwatly «El-Ninio» tebigy hadysasynyň emele gelýändigi barada duýdurýar.

«Soňky ýyllarda yssynyň häsiýeti düýbünden üýtgedi: bu hili howa akymlary has uzak möhletli, güýçli we ýygy-ýygydan gaýtalanýan görnüşe geçip, ýaşaýjylarymyzy, açyk asmanda işleýän işgärlerimizi, saglygy goraýyş gulluklarymyzy we her ýyl kabul edýän millionlarça myhmanlarymyzy tapdan düşürýär» diýip, Antalýa häkimliginiň Howanyň üýtgemegi we galyndylary azaltmak müdirliginiň başlygy Melike Kireççibaşy belledi.

ÝB-niň goldawy bilen Antalýa şäheri yssy howa bilen baglanyşykly töwekgelçilikleri bahalandurmak üçin «CLIMAAX-MUHIR» taslamasyny durmuşa geçirýär.

Geçirilen barlaglar iň ýokary yssylyk howpynyň bar bolan ýerleriniň ilatyň has dykyz ýaşaýan çäklerine gabat gelýändigini görkezdi. Bu maglumatlara esaslanyp, şäher häkimligi saýaly ýerleri döretmegi, ýaşyl zolaklary ösdürmegi, öňünden duýduryş ulgamlaryny we lukmançylyk goldawyny göz öňünde tutýan ýörite hereket meýilnamasyny taýýarlady.

Şol bir wagtyň özünde, Afiny şäheri bagy-bossanlyga öwürmek maksatnamasyny dowam etdirýär. 2024-nji ýyldan bäri şäherde 12,4 müňden gowrak bag ekildi. Ýyllyk meýilnamada bolsa ýene 5 müň bag ekmek göz öňünde tutulýar.

Pariž bu başlangyjyň çäginde howanyň 50 gradus Selsiýa çenli aşa gyzmagynyň mümkin bolan ssenariýalaryny modelirlemek boýunça öz tejribesi bilen paýlaşýar. Geljek ýylyň dowamynda on töweregi şäher ÝUNEP-iň, «C40» şäherler ulgamynyň we Pariž häkimliginiň goldawy bilen meňzeş synaglary geçirerler.

Başlangyja Finlandiyanyň Oulu şäheri hem goşuldy. Bu Ýewropa Bileleşiginiň iň çetki demirgazygynda ýerleşýän iri şäheridir. 2025-nji ýylda Finlandiya howanyň temperaturasy 30 gradusa golaý bolan üç hepdelik aşa yssy günleri başdan geçirdi.

Şäher häkimiýetleri aşa gyzmakdan goranmak zerurlygyny, şeýle hem sillerden, harsatlardan we howanyň üýtgemeginiň beýleki netijelerine uýgunlaşmagy göz öňünde tutup, täze etraplary taslamaga bolan çemeleşmelerine eýýäm gaýtadan seredýärler.

«Aşa yssy howa eýýäm bütin dünýäniň şäherlerindäki gündelik durmuşy üýtgedýär. «50@50» taslamasy ýerli ýolbaşçylara adamlary goraýan, deňsizligi azaldýan we şäherleriň durnuklylygyny ýokarlandyrýan amaly çözgütleri paýlaşmak arkaly has çalt hereket etmäge kömek edýär» diýip, ÝUNEP-iň ýerine ýetiriji direktory Inger Andersen aýtdy.

Maksatnama gatnaşyjylar şäherleriň mundan beýläk diňe häzirki howa şertlerine bil baglap ösüş meýilnamasyny düzüp bilmejekdiklerini we hökman geljekki howa şertlerini hem göz öňünde tutmalydygyny aýratyn belleýärler.


şu gün 10:00
246

ÝB bir gezeklik plastik gaplardaky ketçupy, gorçisany we şekeri gadagan edýär

Ýewropa Bileleşigi restoranlarda, kafelerde, myhmanhanalarda we naharhanalarda müşderilere hyzmat edilende souslar, şeker we gaýmak üçin niýetlenen bir gezeklik plastik gaplamalaryny ulanmagy gadagan eder.......

03.06.2026 12:21
9k+

Howanyň üýtgemegi geljekde ýagjak dolyny has iri we howply eder

Hytaýly we amerikaly alymlaryň Nature žurnalynda çap edilen bilelikdäki ylmy barlaglary geljekde dolynyň has iri we howply boljakdygyny, munuň netijesinde dünýä ýüzüne ýetiriljek zyýanyň bolsa 36,5 göterimden......

02.06.2026 11:16
2.2k+

Aşgabatda Ýewropa güni medeni-bilim festiwaly bilen bellenildi

Aşgabat şäheriniň «Arkaç» söwda-dynç alyş merkezinde Ýewropa gününe bagyşlanan «Ýewropa syýahaty» atly festiwal geçirildi. Bu medeni-bilim çäresi Ýewropa ýurtlarynyň däp-dessurlaryny bir ýere jemläp, paýtagtyň......

28.05.2026 21:19
4.1k+

ÝB howply oýunjaklary sebäpli Temu internet dükanyna 200 million ýewro jerime saldy

Ýewropa Komissiýasy Hytaýyň meşhur Temu internet dükanyna 200 million ýewro uly jerime saldy. Muňa marketpleýs üsti bilen bäbekler üçin howply oýunjaklaryň we döwük-ýenjik zarýad berijileriň satylmagy sebäp......