24-nji iýun Fransiýada howa gözegcilikleriň taryhynda iň yssy gün boldy

  • düýn 19:11
  • 2.8k+

24-nji iýunda Fransiýada howanyň iň ýokary ortaça temperaturasy hasaba alyndy. Le Parisien neşiriniň habaryna görä, ýurt boýunça ortaça temperatura 30 gradusa ýetdi.

50-den gowrak departamentde temperatura 40 gradusa çenli ýokarlandy. Şeýle-de bolsa, ýurduň absolýut ýerli rekordy 2019-njy ýylda Fransiýanyň günortasyndaky Werarg kommunasynda bellige alnan rekord 46 gradus bolmagynda galýar.

25-nji iýun gijesi hem rekord derejede maýyl bolup, ortaça temperatura 21,6 gradus boldy.

Ýewropada howanyň adatdan daşary gyzmagy ilkinji gezek däl. Geçen ýylyň tomsunda Fransiýanyň günorta-günbatarynda temperatura howa kadasyndan 12 gradus ýokary boldy. Horwatiýada hem rekord temperatura hasaba alyndy, Italiýada bolsa 16 sany iri şäher üçin gyzyl derejeli howp yglan edildi.

Ýokary temperatura tokaý ýangynlarynyň ýaýramagyna sebäp berýär. 2025-nji ýylyň awgust aýyna çenli ýangynlar Ýewropada takmynan 400 000 gektar tokaýy ýok etdi, bu bolsa soňky 20 ýylyň ortaça görkezijisinden 87% ýokarydyr.


düýn 14:59
4.7k+

Ýewropada yssy howa howply derejä ýetdi. Munuň sebäbi näme?

Günbatar Ýewropa ýurtlaryny gurşap alan anomal yssy dowam edýär. Meteorologlaryň we klimatologlaryň Euronews-e beren maglumatlaryna görä, bu temperatura rekordlary «El-Nino» hadysasy bilen däl-de, ilkinji......

22.06.2026 14:28
1.4k+

Fransiýada Mosartyň kompozisiýalarynyň garalamasy bolan depderi tapyldy

Awstriýaly kompozitor Wolfgang Amadeý Mosartyň arfa we fleýta üçin ýazylan ýedi sany pýesasy bolan depderi Fransiýanyň Milli kitaphanasynyň (BnF) Pariždäki gözegçisi tarapyndan tapyldy. Bu barada Agence......

19.06.2026 20:02
1.6k+

Kitaplar, Sena derýasy we dijeýleriň çykyşy: Notr-Dam ybadathanasynyň ýanynda suwüsti kitap dükany açyldy

Pariždäki Notr-Dam ybadathanasynyň eteginde, Monbello kenarýakasynda «Nanna» atly ýük gämisi duralga aldy. Suw üstündäki bu täsin kitaphanada 5 000-den gowrak kitap bar. Euronews-iň habar bermegine görä,......

18.06.2026 22:30
4k+

Luwr talaňçylykdan soň çökgünligi başdan geçirýär: ýüzlerçe million ýewro gerek

Parižiň Luwr muzeýi geçen güýzde bolup geçen uly seslenme döreden talaňçylykdan soň çuňňur çökgünlik ýagdaýyny başdan geçirýär. Edaranyň ýolbaşçysy Kristof Leribo «Le Monde» neşirine beren interwýusynda......