Awstraliýanyň suwlarynda iki sany täze görnüş jandar tapyldy — garaňkyda şöhle saçýan akula we “farfor” leňňeji

  • 12.10.2025 23:12
  • 6.1k+

Günbatar Awstraliýanyň kenarlarynda okeanograf alymlar ylym üçin täze bolan iki deňiz jandaryny — garaňkyda şöhle saçýan fonar akulasy we ýarym-durulykrangy farfor kraby.

Bu tapyndylar baryp 2022-nji ýylda Awstraliýanyň ylmy we amaly barlag guramasy (CSIRO) tarapyndan geçirilen ekspedisiýa wagtynda ýüze çykarylypdy, emma olaryň ylmy beýany diňe indi neşir edildi.

Täze akula tapylan sebitiniň hormatyna Etmopterus westraliensis diýlip atlandyryldy. Ol takmynan 600 metr çuňlukda ýaşaýar. Bu balyk öz kellesiniň aşagynda we böwründe ýerleşýän ýörite fotofor organlarynyň kömegi bilen ýagtylyk çykarýar. Bu akula görnüşi ownuk bolup — iň uly tapylan nusgasy bary-ýogy 40 santimetr uzynlykda. Deňiz düýbünde ýaşaýan beýleki jandarlara meňzeş, onuň uly gözleri garaňky suwda görmegi ýeňilleşdirýär, bedeni bolsa inçe we kiçi ýüzgüçler hem-de ýiti tikenleri bar.

Ikinji tapyndy — Porcellanella brevidentata atly leňňeç, ol Awstraliýanyň demirgazyk-günbataryndaky Ningalu kenarynda, 122 metr çuňlukda tapyldy diýip, Popular Science ýazýar. Ol ýumşak merjenler bilen simbioz ýagdaýda ýaşaýar. Krab gaty ownuk — diňe 1,2 santimetr ini bar, reňki bolsa ony merjenleriň arasynda saýgarmagy kynlaşdyrýar. Ol plankton bilen iýmitlenýär, ony suwdan uzyn tüýli ýörite agyz organlarynyň kömegi bilen süzüp alýar.


26.01.2026 22:13
3.6k+

Awstraliýanyň gadymy kengurulary 250 kg agrama garamazdan böküp bilipdirler

Alymlar mundan 13–30 müň ýyl ozal Awstraliýada ýaşan äpet kengurularyň 250 kilograma ýetýän agramyna garamazdan, böküp bilendiklerini anykladylar. Deňeşdirmek üçin aýtsak, häzirki döwrüň iň uly gyzyl kengurularynyň agramy 90 kilogramdan geçmeýär...

16.01.2026 15:17
5.6k+

Ýeriň iň gadymy derýasy tapyldy: ol dinozawrlar döwründen hem öň akypdyr

Alymlar Ýeriň iň gadymy derýasyny tapdylar. Live Science žurnalynyň maglumatyna görä, ol Awstraliýadaky Finke derýasy bolup çykdy. Arizona uniwersitetiniň geomorfology Wiktor Beýker bu derýa ulgamynyň ýaşynyň 300 bilen 400 million ýyl aralygyndadygyny, munuň bolsa onuň dinozawrlardan hem gadymydygyny aňladýandygyny aýdýar...

18.12.2025 13:23
6.4k+

Dünýäde iň uly elektrik gämisi Tasmaniýada ilkinji synaglardan üstünlikli geçdi

Awstraliýanyň Incat Tasmania gämi gurluşyk kompaniýasy tarapyndan gurlan we doly elektrik energiýasy bilen işleýän dünýäde iň uly gämi Tasmaniýanyň Hobart şäherinde ilkinji suw synaglaryny üstünlikli tamamlady...

21.11.2025 23:19
7.9k+

Awstraliýada 55 mln ýyl ozal ýaşan krokodilleriň ýumurtgalarynyň bölekleri tapyldy

Awstraliýanyň gündogaryndaky Murgon şäherinde krokodilleriň ýitip giden toparynyň ýumurtgalarynyň ýurtda iň gadymy bölekleri tapyldy. Tapyndy alymlara bu haýwanlara we olaryň ýaşaýyş gurşawyna has gowy düşünmäge mümkinçilik berer diýip, Täze Günorta Uels uniwersiteti habar berýär...