Awstraliýadaky maýagyň diwarynda 120 ýyldan gowrak ozal gizlenen hat tapyldy

  • 04.08.2025 16:59
  • 9.7k+

Tasmaniýanyň günortasyndaky taryhy Keýp-Bruni maýagynda 120 ýyldan gowrak ýaşy bolan içi hatly aýna çüýşe tapyldy. Bu barada The Guardian habar berýär.

Tapyndyny hudožnik we reňkleýji Braýan Berford kenarýaka desgasynyň adaty tehniki hyzmaty wagtynda ýüze çykardy.
Ol fonar otagynda işläp ýörkä, diwaryň boşluk ýerinde ýagtylygy serpikdirýän predmeti gördi. Bu içinde iki golýazma sahypasy bolan bukjaly çüýşedi. Tapyndydan soň Berford Tasmaniýanyň Seýilgäh we ýabany tebigat gullugynyň taryhy miras boýunça menejeri Annita Waghorn bilen habarlaşdy.
Çüýşe dykyz dyky bilen möhürlenen eken, şol sebäpli onuň içindäkini özbaşdak almak başartmady. Ony seresaply açmak üçin ol Tasmaniýanyň muzeý we çeperçilik galeýerasyndan hünärmenlere ýüz tutdy. Netijede, kagyz seresaplylyk bilen çykaryldy.
Tekste düşünmek işi birnäçe gün wagt aldy. Içinde 1903-nji ýyl bilen senelenen maýagy kämilleşdirmek boýunça görkezme bar eken. Desga 1838-nji ýylda guruldy, 70 ýyldan soň bolsa onda basgançak, fonar otagy we Frenel linzasy peýda boldy.
Tapylan haty köpçülikleýin görkezmek meýilleşdirilýär. 


22.04.2026 17:08
7.2k+

22 sagatlap howada bolmak isleýänlere: Qantas dünýäniň iň uzak uçuşlaryny taýýarlaýar

Awstraliýanyň Qantas awiakompaniýasy awiasiýa taryhynda iň dowamly täjirçilik uçuşlaryny amala aşyrmaga taýýarlanýar. Täze gatnawlar Sidneý şäherini London we Nýu-Ýork bilen birleşdirer....

20.04.2026 14:53
12k+

91 ýaşynda ata boldy: Awstraliýanyň ýaşaýjysy Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

Awstraliýaly Çarlz Smit dünýäde ilkinji gezek ata bolan iň garry erkek adam hökmünde Ginnesiň rekordlar kitaby tarapyndan resmi taýdan ykrar edildi. Agtygy Aýlanyň dünýä inen pursatynda Smitiň ýaşy 91 ýyl 209......

18.04.2026 15:16
3.4k+

Dünýäniň iň uly sebitleriniň reýtingi: Saha Respublikasyndan başlap Günbatar Awstraliýa çenli

Sebitler, awtonom territoriýalar, ülkeler we ştatlar – bularyň hemmesi ýurtlaryň administratiw-territorial birlikleridir. Olar taryhy, geografik, ykdysady we etniki faktorlara esaslanyp döredilýär. Şol bir......

16.01.2026 15:32
1.3k+

Meta Awstraliýany ýetginjekler üçin sosial torlary gadagan edýän kanuna gaýtadan seretmäge çagyrýar

Meta Awstraliýany 16 ýaşdan kiçi ýetginjeklere sosial torlary ulanmagy gadagan edýän dünýäde ilkinji kanuny gaýtadan gözden geçirmäge çagyrýar. Kompaniýa täze kanuna laýyklykda 544,000-den gowrak hasaby bloklady» diýip CNA habar berýär...