Awstraliýaly robot möý bir jaýy 24 sagadyň içinde çap edýär

  • 06.10.2025 10:46
  • 7.6k+

Awstraliýada äpet möý şekilli üýtgeşik gurluşykçy robot oýlanyp tapyldy. Crest Robotics we Earthbuilt Technology kompaniýalary tarapyndan döredilen, "Şarlotta" diýlip atlandyrylýan oýlap tapyş, takmynan, 200 inedördül metrlik jaýy 24 sagadyň içinde çap etmäge ukyplydyr diýip, ABC  habar berýär.

Robot ýerli ürgün materiallar bolan gumy, topragy ýa-da gurluşyk galyndylaryny berk diwarlara öwürýän 3D çap ediş tehnologiýasyny ulanýar. Bular ýörite birleşme ulanyp, gatlak boýunça gysylan gatlak. Bu usul, esasan, ürgün materiallary haltalarda berçinleýän Earthbagging tehnikasyna meňzeýär.
Earthbuilt Technology-nyň tehniki müdiri Dewid Çeniň sözlerine görä, bu ulgam, adaty usullara garanda, gurluşygyň has çalt bitmegine, arzan düşmegine we has az uglerod galyndyly  bolmagyna mümkinçilik berýär.

Robotyň gurluşy kosmos missiýalary üçin hem amatly. Onuň alty aýakly ýygnalýan şassisi ulagly äkitmäge mümkinçilik berýär we onuň Aý topragy ýaly ýerli materiallardan peýdalanmagy bolsa Aýda gümmezli bukalgalary gurmak üçin amatly edýär.
Ilkinji synag öýi ýylyň ahyryna çenli Melburnyň eteginde çap edilmek meýilleşdirilýär. Şeýle-de, inženerler ulgamy Aý şertlerine uýgunlaşdyrýarlar we kosmos agentlikleri bilen gepleşik geçirýärler. Çeniň baha bermegine görä, “Şarlotta” ýene bäş ýyldan Aýda işläp başlar.


düýn 20:11
984

Acer akylly äýnek bazaryna emeli aňy we giňeldilen hakykaty öz içine alýan iki model bilen girýär

Taýwanyň Acer kompaniýasy garaşylmadyk ýagdaýda çalt ösýän akylly äýnek bazaryna girýändigini yglan etdi we içerki emeli aňy bolan tehnologik taýdan tapawutlanýan iki modeli görkezdi....

düýn 17:01
1.2k+

Claude-ni döredijiler emeli aňyň ösüşini haýallatmaga çagyrdylar

Claude emeli aň modelini işläp düzen Anthropic kompaniýasy EA tehnologiýalarynyň ösüşini haýallatmak ýa-da wagtlaýynça togtatmaga çagyrýan makalany çap etdi. Bu ylmy makalanyň awtordaşy kompaniýanyň......

05.06.2026 23:49
2.6k+

“Kasperskiniň laboratoriýasy” öz operasion ulgamy bolan smartfonyň üstünde işleýär

“Kasperskiniň laboratoriýasy” öz operasion ulgamy bolan howpsuz smartfony işläp düzýär. Kompaniýanyň baş direktory Ýewgeniý Kasperskiý täze enjam barada Sankt-Peterburg halkara ykdysady forumynda yglan etdi....

03.06.2026 00:06
2.2k+

Bloomberg: Apple ilkinji AR-äýneklerini çykarmagyny 2027-nji ýylyň ahyryna süýşürdi

Apple kompaniýasy özüniň ilkinji giňeldilen hakykat (AR) äýnekleriniň çykarylmaly möhletini üýtgetdi. Kompaniýa ozal bu enjamy 2026-njy ýylda görkezmegi meýilleşdiripdi, ýöne häzirki wagtda onuň bazara......