Sandia kompaniýasynyň amerikan hünärmenleri 98 kwbitlik täze «Helios» kwant kompýuterini görkezdiler. Enjam bazarda elýeterli bolan ähli täjirçilik gurluşlarynyň arasynda hasaplamalaryň takyklygy boýunça taryhy rekord goýdy.
Adaty kompýuterler (smartfonlar, noutbuklar) bitler (0 ýa-da 1) bilen işleýär. Kwant kompýuterleri bolsa birbada hem 0, hem-de 1 bolup bilýän kwbitler bilen işleýär. Hut şu artykmaçlyk hem olara iň çylşyrymly meseleleri müňlerçe ýylyň dowamynda däl-de, bary-ýogy birnäçe sekuntda çözmäge mümkinçilik berýär. Ýöne kwant kompýuterleriniň temperatura üýtgeşmeleri, titremeler ýa-da hatda bir atomyň süýşmegi ýaly ujypsyz päsgelçilikler sebäpli ýalňyşyp bilýändigi uly mesele döredýär.
Sandia kompaniýasy hem ýagdaýy düzedişiň täzeçil usullaryny we hasaplamalaryň göni ortasynda ölçegleri öz içine alýan ýörite synaglary işläp düzdi. Bu tehnologiýa ýalňyşlyklary wagtynda düzedip biler ýaly mümkinçilik berýär. «Helios» bir kwbitlik operasiýalary ýerine ýetiren wagtynda 99,9975% derejesinde öň görülmedik dürslügi görkezip bildi.
Makalanyň awtordaşy Robin Blýum-Kohaut: «Häzirki zaman kwant kompýuterleriniň iň möhüm tarapy tizligi däl-de, eýsem ygtybarlylygydyr. Kwant kompýuterleri sazlanmadyk lazerden başlap, bir atomyň süýşmegine çenli onlarça ownuk sebäpler bilen bozulyp bilýän çylşyrymly synag tehnologiýalary ulanýarlar. Bu meseleler takyklygy peseldýär we öndürijiligi çäklendirýär» diýip, bu ýagdaýy aýdyň düşündirýär.
Geljek we milli howpsuzlyk üçin ähmiýeti
«Helios» kwant kompýuteriniň mümkinçilikleri eýýäm adaty superkompýuterlerde doly barlap boljak çäklerden çykýar. Bu hakda Quantinuum kompaniýasynyň ulgam arhitektory Toni Rénsford: «Helios nusgawy modellendirilişiň mümkinçiliklerinden çykýar we kwant kompýuterleri üçin takyklyk we çylşyrymlylyk boýunça täze ölçegleri goýýar» diýip belleýär.
Häzirki wagtda Sandia kompaniýasy diňe bir ulgamyň tehnologik mümkinçiliklerini däl, eýsem kwant tehnologiýalarynyň energetika, derman senagaty, kriptografiýa we aragatnaşyk ulgamlary üçin döredip biljek howplaryny hem göz öňünde tutýar. Bu pudaklaryň hemmesi göni milli howpsuzlyk meseleleri bilen baglanyşyklydyr.