Google Earth-de mugt awiasimulýator peýda boldy: planetanyň üstünden uçup bolýar

  • 17.06.2026 07:37
  • 2.8k+

Google Earth platformasy göni brauzeriň içinde wirtual uçary dolandyrmaga we dünýäniň dürli sebitlerini uçuş belentliginden synlamaga mümkinçilik berýän mugt awiasimulýatora elýeterliligi açdy.

Bu funksiýa 12-nji iýunda elýeterli boldy. Ony ulanmak üçin goşmaça programma üpjünçiligini gurnamak talap edilmeýär — diňe Google Earth ulgamyny açmak we Flight Simulator režimini işjeňleşdirmek ýeterlikdir.

Uçuş wagtynda ulanyjylar şäherleriň üç ölçegli modellerini, göze ilýän taryhy ýerleri we tebigy landşaftlary synlap bilýär. Ozal awiasimulýator diňe Google Earth-iň kompýuterler üçin niýetlenen görnüşinde elýeterlidi.

Bu režimi işe girizmek üçin Explore Earth bölümini açmak, soňra Tools menýusyna geçip, Flight Simulator sazlamasyny saýlamak gerek. Şeýle hem işläp düzüjiler uçary dolandyrmak üçin gyzgyn düwmeleriň sanawyny hödürledi.

Ýeriň üsti bilen çaknyşylan ýagdaýynda wirtual uçuş awtomatik usulda saklanýar, şondan soň ulanyjy ugry täzeden başlap bilýär.


17.06.2026 11:15
2.4k+

Xiaomi «Madrid» diýen wagtlaýyn at bilen täze telefon çykarmaga taýýarlanýar

Xiaomi kompaniýasynyň «Madrid» diýen gizlin atly täze smartfony ilkinji gezek halkara ykjam enjamlaryň (GSMA IMEI) maglumatlar gorunda peýda boldy. Bu ýagdaý täze telefonuň tiz wagtda satuwa çykaryljakdygynyň......

15.06.2026 12:29
1.3k+

Suwasty robotlar suwuň astynda lazer şöhleleri arkaly zarýadlanylar

Amerikanyň NUBURU kompaniýasy we Italiýanyň SunCubes kompaniýasy lazerleriň kömegi bilen suwuň astynda simsiz energiýa geçiriji ulgamy işläp taýýarlap başladylar. Ol awtonom suwasty enjamlary, datçikleri we......

15.06.2026 08:07
1.4k+

Visa öz töleg ulgamyny ChatGPT-ä çatdy

Visa öz töleg ulgamyny ChatGPT bilen utgaşdyrdy. Bu bolsa çat-bota ulanyjylaryň adyndan özbaşdak haryt saýlamaga we söwda amallaryny resmileşdirmäge mümkinçilik berer....

15.06.2026 07:51
2.1k+

Insaýder Samsung-yň geljekki eplenýän smartfonlarynyň maketlerini görkezdi

«Ice Universe» insaýderi Samsung-yň geljekki «Galaxy Z Flip 8», «Galaxy Z Fold 8» we «Galaxy Z Fold 8 Ultra» eplenýän smartfonlarynyň maketleri şekillendirilen suraty çap etdi....