Xiaomi «Madrid» diýen wagtlaýyn at bilen täze telefon çykarmaga taýýarlanýar

  • şu gün 11:15
  • 410

Xiaomi kompaniýasynyň «Madrid» diýen gizlin atly täze smartfony ilkinji gezek halkara ykjam enjamlaryň (GSMA IMEI) maglumatlar gorunda peýda boldy. Bu ýagdaý täze telefonuň tiz wagtda satuwa çykaryljakdygynyň alamatydyr.

Resmi sanawda bu enjamyň dürli ýurtlar, şol sanda Hytaý, Hindistan, Ýaponiýa we bütindünýä bazary üçin niýetlenen birnäçe görnüşi hasaba alnandyr. Adatça Xiaomi, ilki bilen, özüniň iň güýçli, öňdebaryjy nusgalaryny Hytaýda satyp başlaýar, soňra bolsa ony beýleki ýurtlara ýaýradýar.

Gizmochina neşiriniň ýazmagyna görä, «Madrid» adynyň aňrysynda geljekde çykaryljak Xiaomi 18 tapgyrynyň esasy nusgasy ýa-da has güýçlendirilen Xiaomi 18 Pro-nyň gizlenip ýatan bolmagy-da mümkin.

Telefonuň çaklanylýan aýratynlyklary:

Prosessory: Täze nesliň iň güýçli «Snapdragon 8 Elite Gen 6» çipi.

Operatiw ýat: Iň döwrebap «LPDDR6» standarty.

Ekranyň ölçegi: Ululygy diagonal boýunça 6,3-den 6,4 dýuýma çenli bolar.

Resmi rugsatnamalaryň alynýan ilkinji tapgyrynda telefonuň birbada dürli ýurtlar üçin niýetlenen görnüşleriniň ýüze çykmagy Xiaomi-niň bu gezek täze önümini dünýä bazaryna öňkülerden has giň we çalt ýaýratmagy meýilleşdirýändigini subut edýär.


şu gün 07:37
1.5k+

Google Earth-de mugt awiasimulýator peýda boldy: planetanyň üstünden uçup bolýar

Google Earth platformasy göni brauzeriň içinde wirtual uçary dolandyrmaga we dünýäniň dürli sebitlerini uçuş belentliginden synlamaga mümkinçilik berýän mugt awiasimulýatora elýeterliligi açdy....

15.06.2026 12:29
1.2k+

Suwasty robotlar suwuň astynda lazer şöhleleri arkaly zarýadlanylar

Amerikanyň NUBURU kompaniýasy we Italiýanyň SunCubes kompaniýasy lazerleriň kömegi bilen suwuň astynda simsiz energiýa geçiriji ulgamy işläp taýýarlap başladylar. Ol awtonom suwasty enjamlary, datçikleri we......

15.06.2026 08:07
1.4k+

Visa öz töleg ulgamyny ChatGPT-ä çatdy

Visa öz töleg ulgamyny ChatGPT bilen utgaşdyrdy. Bu bolsa çat-bota ulanyjylaryň adyndan özbaşdak haryt saýlamaga we söwda amallaryny resmileşdirmäge mümkinçilik berer....

15.06.2026 07:51
1.9k+

Insaýder Samsung-yň geljekki eplenýän smartfonlarynyň maketlerini görkezdi

«Ice Universe» insaýderi Samsung-yň geljekki «Galaxy Z Flip 8», «Galaxy Z Fold 8» we «Galaxy Z Fold 8 Ultra» eplenýän smartfonlarynyň maketleri şekillendirilen suraty çap etdi....