Visa öz töleg ulgamyny ChatGPT-ä çatdy

  • şu gün 08:07
  • 965

Visa öz töleg ulgamyny ChatGPT bilen utgaşdyrdy. Bu bolsa çat-bota ulanyjylaryň adyndan özbaşdak haryt saýlamaga we söwda amallaryny resmileşdirmäge mümkinçilik berer.

Visa we OpenAI-niň arasyndaky ylalaşyk emeli aň agentleriniň başarnyklaryny giňeldýär: indi olar diňe bir harytlary maslahat bermek bilen çäklenmän, eýsem Visa kartlaryny kabul edýän satyjylar bilen söwda amala aşyrmagy hem başararlar. OpenAI özara täsir we karar kabul etmek tehnologiýalaryny üpjün eder, Visa bolsa tölegleri tassyklamak we amallaryň goralmagyna gözegçilik üçin jogapkärçilik çeker.

Bu usuly ulanmak üçin ulanyjylar öz Visa kartlaryny ChatGPT-ä birleşdirmeli bolarlar. Ulgamda gorag maksatly gurluş hem göz öňünde tutulan bolup, olaryň arasynda çykdajy çäklendirmeleri, amallary tassyklamak we güwä geçilen satyjylaryň sanawy bar.

Visa kompaniýasynyň önümler we strategiýa boýunça direktory Jek Forestellyň aýtmagyna görä, ilkinji tapgyrda söwda amallarynyň agramly bölegi ulanyjynyň tassyklamagyny talap eder. Ol sarp edijileriň emeli aňa özbaşdak söwda etmegi ynanmagy üçin wagt gerek boljakdygy bilen düşündirýär.

  • – Emeli aň agentleri ykdysadyýetiň işjeň gatnaşyjylaryna öwrülip barýarka, Visa-da biziň wezipämiz – amallaryň ygtybarly, goralan we elimizden gelenine görä, bökdençsiz bolmagyny üpjün etmekdir – diýip, Forestell mälim etdi.

Mundan ozal OpenAI kompaniýasy «Instant Checkout» hyzmaty arkaly elektron söwda bazaryna girmäge synanyşyk edipdi, ýöne ol taslama ýapylypdy.

Taraplar täze ylalaşygyň hasap-hesip şertlerini aýan etmeýärler.


şu gün 12:29
594

Suwasty robotlar suwuň astynda lazer şöhleleri arkaly zarýadlanylar

Amerikanyň NUBURU kompaniýasy we Italiýanyň SunCubes kompaniýasy lazerleriň kömegi bilen suwuň astynda simsiz energiýa geçiriji ulgamy işläp taýýarlap başladylar. Ol awtonom suwasty enjamlary, datçikleri we......

şu gün 07:51
1.2k+

Insaýder Samsung-yň geljekki eplenýän smartfonlarynyň maketlerini görkezdi

«Ice Universe» insaýderi Samsung-yň geljekki «Galaxy Z Flip 8», «Galaxy Z Fold 8» we «Galaxy Z Fold 8 Ultra» eplenýän smartfonlarynyň maketleri şekillendirilen suraty çap etdi....

düýn 11:23
3.2k+

Nothing-iň ýolbaşçysy smartfonlaryň gitdigiçe gymmatlajakdygyny aýtdy

Nothing tehnologiýa kompaniýasynyň baş direktory Karl Peý X sosial ulgamynda häzirki zaman smartfonlarynyň bahasynyň yzygiderli ýokarlanjakdygy hakda ýazgy paýlaşdy. Ol beýle ýagdaýyň esasy sebäbini ýat......

13.06.2026 12:35
2.2k+

iFixit «Trampofonuň» bejerilip bilinme ýagdaýyna 10 baldan 3 bal berdi

iFixit-iň hünärmenleri «Trump Mobile» smartfonuna bejerilme mümkinçiligi boýunça 10 baldan bary-ýogy 3 bal berdiler we bu enjam tutuşlygyna diýen ýaly «HTC U24 Pro» modelini gaýtalaýar diýen netijä geldiler....