ChatGPT kyn ýagdaýa düşseňiz ýakynlaryňyza habar berip başlar
OpenAI kompaniýasy ChatGPT ulgamy üçin täze «Trusted Contact» (Ynamdar şahsyýet) howpsuzlyk funksiýasyny girizip başlady....
OpenAI kompaniýasy ChatGPT ulgamy üçin täze «Trusted Contact» (Ynamdar şahsyýet) howpsuzlyk funksiýasyny girizip başlady....
Apple kompaniýasy Siri ses kömekçisiniň emeli aň (AI) funksiýalary bilen enjamlaşdyrylan täze görnüşiniň gijikdirilmegi zerarly ABŞ-da gozgalan köpçülikleýin kazyýet işini ýatyrmak üçin 250 million dollar......
Claude çat-botunyň ulanyjylary beýleki emeli aň ulgamlarynyňkylar bilen deňeşdirilende has ýokary girdejilidikleri bilen tapawutlanýar. Bu barada The Decoder neşiri ABŞ-nda geçirilen «Epoch AI» barlagyna......
Bäsdeşlik gurşawynyň güýçlenmegi bilen «ChatGPT» çat-botunyň meşhurlygy kem-kemden azalýar. Ulanyjylar emeli aňyň alternatiw hyzmatlary bolan «Gemini» we «Claude» ýaly platformalara geçip başladylar....
Germaniýada emeli aňdan peýdalanyp, kazyýetde özüni aklamagy başaran adam barada täsin waka hasaba alyndy. Leýpsig şäheriniň ýaşaýjysy Dawid Hins öz goranyş çäresini ChatGPT neýroulgamynyň kömegi bilen......
2026-njy ýylyň 20-nji aprelinde Aşgabat wagty bilen sagat 19:30 töweregi ChatGPT-niň işinde uly bökdençlik ýüze çykdy. Bu ýagdaý onuň esasy bäsdeşleri bolan Google Gemini we Anthropic kompaniýasynyň Claude......
OpenAI kompaniýasy kiberhowpsuzlyk pudagynda ulanmak üçin niýetlenen täze emeli aň modelini — «GPT-5.4-Cyber-y» hödürledi. Bu model ýakyn aýlarda çykaryljak has güýçli çözgütlere taýýarlyk görmäge we......
OpenAI kompaniýasy Shazam hyzmatyny gönüden-göni ChatGPT-niň interfeýsine goşdy. Shazam-yň eýesi bolan Apple kompaniýasy bilen baglaşylan strategik hyzmatdaşlygyň netijesinde ulanyjylar indi çat-botdan çykman, golaýda ýaňlanýan aýdymlary tanap bilýär...
OpenAI kompaniýasy özüniň täze GPT-5.4 dil modelini tanyşdyrdy. Işläp düzüjiler çylşyrymly meseleleri çözmäge, programirlemäge we dürli gurallar bilen işlemäge has uly üns berip, emeli aň ulgamlarynyň hataryny ösdürmegi dowam edýärler...
GPT-5.4 modelinde çylşyrymly soraglary işlemek üçin ýörite režimiň peýda bolmagy mümkin. Bu barada "The Information" neşiri habar berýär. Çeşmäniň berýän maglumatyna görä, şeýle tertipde model çylşyrymly logikany we jikme-jik seljermäni talap edýän meseleleri çözmek üçin has köp wagt we hasaplama serişdelerini ulanar...
OpenAI kompaniýasy ChatGPT-ni her hepdede işjeň ulanýanlarynyň sanynyň 900 million adama ýetendigini habar berdi. Şeýlelikde, bu hyzmat 1 milliard ulanyjy çägine has-da golaýlady. Şol bir wagtyň özünde, tölegli abunaçylaryň sany 50 milliona çenli ýokarlandy...
OpenAI-yň ýolbaşçysy Sem Altman emeli aň ulgamlarynyň energiýa netijeliliginiň adam aňynyň ösüşi üçin sarp edilýän çykdajylar bilen deňeşdirerlikdigini ýa-da ondan hem ýokarydygyny öňe sürýär diýip, Tom's Hardware habar berýär...
ChatGPT web goşundysynyň kodunda aýda 100 dollar bahasy bolan täze Pro Lite tarif nyrhnamasy baradaky maglumatlar tapyldy. Bu barada OpenAI-niň täzeliklerinden takyk maglumatlary paýlaşmakda tanalýan barlagçy Tibor Blaho habar berdi...
Tehnologiýa ägirtleriniň maliýe goldawyna garamazdan, OpenAI hususy startap bolmagyna galýar we öz maliýe görkezijilerini aýan etmäge borçly däl. Şeýle-de bolsa, resmi däl çeşmelerden gelýän maglumatlara görä, kompaniýanyň 2030-njy ýyla çenli 600 milliard dollar sarp etmegi meýilleşdirýändigi belli boldy...
OpenAI kompaniýasy emeli aň önümleri üçin täze howpsuzlyk funksiýalaryny — «bloklama düzgünini» (Lockdown Mode) we «ýokary töwekgelçilik» (Elevated Risk) belgisini işe girizýändigini yglan etdi. Bu täzelikler ChatGPT, ChatGPT Atlas we Codex ulgamlaryna degişlidir...
Hindistan ChatGPT-niň hepdede 100 million işjeň ulanyjy görkezijisine ýetdi. Bu görkeziji ýurdy ABŞ-dan soň OpenAI kompaniýasynyň dünýädäki ikinji uly bazaryna öwürdi. Bu barada Nýu-Delide geçirilýän emeli aň boýunça hökümet sammitiniň öňüsyrasynda OpenAI-yň baş direktory Sem Altman habar berdi...
OpenAI kompaniýasy ChatGPT platformasynda mahabatlary görkezmek boýunça synaglara başlady. Häzirki wagtda bu synag diňe ABŞ-daky hasaba alnan uly ýaşly ulanyjylara degişlidir. Synag hem mugt wersiýany, hem-de käbir tölegli nyrhnamalary öz içine alýar...
OpenAI Birleşen Arap Emirlikleri üçin ChatGPT-niň ýöriteleşdirilen nusgasyny döretmek boýunça Abu-Dabiniň G42 tehnologiýa holdingi bilen gepleşikleri alyp barýar. Bu barada Semafor neşiri habar berýär. Taslama emeli aňy ýerli kanunçylygyň talaplaryna, medeni kadalara we şiwe aýratynlyklaryna uýgunlaşdyrmaga niýetlenendir...
Google Gemini emeli aň (EA) kömekçisiniň auditoriýasy aýda 750 mln işjeň ulanyja ýetdi. Bu maglumatlar kompaniýanyň nobatdaky çärýekleýin hasabatynda görkezildi. Google geçen çärýekde Gemini-iň her aýda 650 mln işjeň ulanyjysynyň bardygyny habar beripdi...
OpenAI startapynyň ChatGPT interfeýsine mahabat ornaşdyrmaga we gönüden-göni çat-botuň içinde söwda etmek mümkinçiligini döretmäge taýýarlanýandygy öňräkden bäri mälimdir. The Verge neşiriniň berýän maglumatyna görä, ChatGPT-de mahabat goýmagyň bahasy beýleki bäsdeş taraplary bilen deňeşdirilende ep-esli ýokary bolar...
13-nji fewraldan başlap OpenAI kompaniýasy ChatGPT interfeýsinden könelen emeli aň modellerini aýyrýar. Ulanyşdan aýryljak modelleriň hatarynda GPT-4o, GPT-4.1, GPT-4.1 mini we OpenAI o4-mini bar. Işläp düzüji mundan beýläk ähli ünsüni GPT-5 seriýasynyň häzirki zaman wersiýalaryna, hususan-da, ulanyjylaryň aglaba böleginiň makullaýan GPT-5...
Nvidia mikroçip öndürijisi, şeýle hem Microsoft we Amazon tehnologiýa ägirtleri ChatGPT-niň işläp düzüjisi bolan OpenAI kompaniýasyna jemi 60 milliard dollar maýa goýmak barada gepleşik geçirýärler. Bu barada Financial Times neşiri habar berýär...
Ýaponiýanyň SoftBank korporasiýasy OpenAI kompaniýasyna 30 milliard dollar maýa goýmagy meýilleşdirýär. Bu barada The Wall Street Journal neşiri öz çeşmelerine salgylanyp habar berýär. Neşiriň maglumatyna görä, ChatGPT-ni dörediji häzirki wagtda dürli maýadarlar bilen jemi 100 milliard dollar möçberinde maliýe serişdesini çekmek boýunça gepleşikleri alyp barýar...
OpenAI kompaniýasy hepdede 800–900 million işjeň ulanyjysy bolan ChatGPT-niň maglumatlar binýadynyň (PostgreSQL) nähili işleýändigini aýan etdi. Geň galdyryjy tarapy, şeýle ägirt uly ulgam şardirlemesiz (maglumatlary böleklere bölmän), diňe bir sany esasy serwer we 50 töweregi nusga (replika) arkaly işleýär...
OpenAI kompaniýasy özüniň girdeji modelini düýpli özgertmek barada pikirlenýär. Kompaniýanyň maliýe direktory (CFO) Sara Fraýaryň aýtmagyna görä, geljekde iri kompaniýalar diňe bir ChatGPT ulanandyklary üçin däl, eýsem şol tehnologiýanyň kömegi bilen gazanan peýdalaryndan hem göterim (roýalti) berip bilerler...
Apple kompaniýasy Siri ses kömekçisini ChatGPT ýaly doly derejeli çat-bota öwürmegi meýilleşdirýär. Kupertinoly kompaniýa onuň täzelenen wersiýasyny 2026-njy ýylyň iýunynda geçiriljek WWDC konferensiýasynda iOS 27 bilen bilelikde hödürlär diýip, Bloomberg-iň žurnalisti Mark Gurman habar berýär...
OpenAI kompaniýasy ChatGPT çat-botuna 18 ýaşdan kiçi ulanyjylary anyklamak üçin ýaşy çaklamak funksiýasyny goşar. Bu barada guramanyň saýtynda habar berilýär. Ulgam ulanyjynyň özüni alyp barşyny, şol sanda çat-botuň ulanylyş wagty, akkauntyň näçe wagtdan bäri hereket edýändigi we hasaba alnanda görkezilen doglan senesi ýaly maglumatlary seljerýär...
OpenAI 2029-njy ýylda 14 mlrd dollar möçberde arassa girdejä çykmagy meýilleşdirýär. Bu barada The Information neşirine salgylanyp, PC Gamer portaly habar berýär. Işläp düzüjiniň içerki resminamalaryna görä, 2023-nji ýyldan 2028-nji ýyl aralygynda garaşylýan umumy ýitgiler 44 mlrd dollar bolar, ýitgileriň iň ýokary derejesi bolsa 2026-njy ýyla düşüp, 14 mlrd dollara ýeter...
OpenAI amerikan kompaniýasy tarapyndan döredilen ChatGPT çat-boty ýapon uniwersitetlerine giriş synagynda dokuz ders boýunça iň ýokary netijeleri görkezdi. Bu barada emeli aň ulgamlarynyň deňeşdiriji synagyny geçiren LifePrompt kompaniýasynyň hasabatynda aýdylýar...
2025-nji ýylyň ikinji ýarymynda dünýäde emeli aňyň ýaýramagynyň täze derejesi hasaba alyndy: indi neýroulgamdan Ýer ýüzüniň ilatynyň 16,3%-i, ýagny her altynjy adam peýdalanýar. Şeýle maglumatlar Microsoft AI Economy Institute-yň hasabatynda getirilýär...
OpenAI kompaniýasy ýakyn wagtda ChatGPT platformasynyň mugt ulanyjylary üçin synag tertibinde mahabatlary ýerleşdirip başlar. Mahabatlar esasy mugt wersiýada we "Go" nusgasynda, ulanyjynyň sowallaryna berilýän jogaplaryň ýanynda görkeziler...
OpenAI kompaniýasy täze ChatGPT Translate hyzmatyny işe girizdi. Häzirki wagtda EA terjimeçisi beta-synag režiminde bolup, mugt işleýär. Ol 50-den gowrak dili, şol sanda rus dilini goldaýar. Android Authority neşiriniň belleýşi ýaly, entek kompaniýa ChatGPT Translate barada resmi taýdan habar bermedi, ýöne hyzmat eýýäm ulanyjylar üçin ýörite saýtda elýeterlidir...
OpenAI startap Cerebras Systems-den hasaplaýyş güýjüni satyn almak barada ylalaşyga gol çekdi. Şertnama laýyklykda, ChatGPT-ni işläp düzüjä üç ýylyň dowamynda 750 megawatta çenli serişdeler elýeterli bolar. The Wall Street Journal-yň ýazmagyna görä, şertnamanyň umumy bahasy 10 milliard dollardan hem geçýär...
OpenAI kompaniýasy ChatGPT-de täze funksiýany – saglyk bilen baglanyşykly soraglar üçin ChatGPT Health ady bilen aýratyn bölümi hödürledi. Bu režimde ulanyjylar has şahsylaşdyrylan jogaplary almak üçin lukmançylyk ýazgylaryny we bedeniň ýagdaýyna gözegçilik ediji programmalary birikdirip bilýär...
Her gün dünýäde 40 milliondan gowrak adam saglyk barada maglumat almak üçin ChatGPT-ni ulanýar. OpenAI-iň hasabatyna görä, çat-botda ähli habarlaryň 5%-den gowragy lukmançylyk temasy bilen baglanyşykly diýip, Axios neşiri habar berýär...
OpenAI audiomodel işine ünsi gönükdirip, ses arkaly işleýän şahsy enjamy döretmegi göz öňünde tutýar. Taslamany durmuşa geçirmek üçin kompaniýa gözlegçileri, inženerleri we önüm menejerlerini bir topara birikdirdi diýip, The Information habar berýär...
OpenAI emeli aň modelleriniň ösüşi bilen baglanyşykly bolan töwekgelçiliklere baha bermek we öňüni almak bilen meşgullanjak bölüm başlygyny gözleýändigini yglan etdi. Täze wezipe EA-nyň mümkinçilikleriniň artmagy bilen ýüze çykýan mümkin bolan howplaryň seljerilmegini göz öňünde tutýar...
ChatGPT-de indi Spotify Wrapped ýaly şahsy ýylyň jemini jemlemek funksiýasy peýda boldy. Täze gural «ChatGPT bilen ýylyňyz» adyny aldy we häzirlikçe birnäçe ýurtda, şol sanda ABŞ-da, Beýik Britaniýada, Kanadada, Awstraliýada we Täze Zelandiýada çäkli ulanyjylar üçin elýeterlidir...
OpenAI kompaniýasy gönüden-göni ChatGPT çat-botunyň interfeýsine girizilen programmalaryň katalogyny hödürledi. Täze çözgüt ulanyjylara çatdan çykmazdan üçünji tarap hyzmatlaryny birikdirmäge, aýdym-sazy dolandyrmaga ýa-da resminamalar bilen işlemäge mümkinçilik berýär diýip, The Verge ýazýar...
OpenAI kompaniýasy tekst beýany boýunça surat döretmek we redaktirlemek üçin GPT-5.2-niň esasynda täze ChatGPT Images modelini işe girizdi. Esasy maksat jikme-jiklikleri saklap, suratlary mümkin boldugyndan hakyky ýaly etmekden ybarat...