ChatGPT kosmos gämisini dolandyrmaga ukyplydygyny görkezdi

  • 07.07.2025 13:17
  • 2.4k+

ChatGPT kosmos gämisini dolandyrmaga ukyply bolup çykdy. Ol «Kerbal Space Program Differential Games» atly simulýasiýadaky uçuş bäsleşiginde ikinji orny eýeledi. Bu barada «Live Science» neşiri habar berýär.

Bäsleşik ilkinji gezek 2023-nji ýylda Massaçusets tehnologiýa institutynyň başlangyjy bilen geçirilip başlandy. Ol Ýere ýakyn orbitada manýowr etmek boýunça wirtual türgenleşik görnüşinde geçirilýär. Ssenarileriň biri gaçyp barýan kosmos apparatyny yzarlamagy göz öňünde tutýardy.
Bu wezipede ChatGPT bilen LLaMA atly dil modelleri wirtual söweş uçarynyň operatorlary hökmünde çykyş etdiler. Olara nyşana barada hem-de ýangyjyň möçberi hakda tekst görnüşinde maglumat berilýärdi, olar bolsa jogap hökmünde gämini dolandyrmak üçin buýruklary berýärdiler we öz hereketlerini düşündirýärdiler, meselem: «Gaçyp barýan sagda we ýokarda. Saga we ýokary tarapa itergi bermeli, ýöne inersiýany hem göz öňünde tutmaly».
Synaglaryň netijelerine görä, emeli aň köp sanly adaty dolandyryş ulgamlaryndan has ýokary netije görkezip, diňe SpaceX kompaniýasynyň Dragon kosmos gämilerinde ulanylýan ulgamlardan ýeňildi.
Klassyky algoritmler takyk kesgitlenen formulalara we öňünden ýazylan ssenarilere esaslanýar. Olardan tapawutlylykda, çat-botlar ähtimallyga esaslanýan modeller bilen işleýärler we täze ýagdaýlara uýgunlaşyp bilýärler. Bu olara garaşylmadyk ýagdaýlarda artykmaçlyk berýär. Şeýle-de bolsa, olaryň möhüm bir kemçiligi saklanyp galýar – emeli aň käwagt düşündirip bolmaýan «gallýusinasiýalary» görüp, nädogry ýa-da manysyz buýruklary berip biler.


02.06.2026 12:47
5.9k+

Ýere azyndan 20 asteroid "assyrynlyk bilen" ýetip gelýär

Indiki aýyň dowamynda Ýeriň golaýyndan azyndan 20 asteroidiň geçmegine garaşylýar, emma hakykatda olaryň sany has köp bolup biler. Bu barada Nowosibirsk Döwlet Uniwersitetiniň “Wega” obserwatoriýasynyň......

31.05.2026 20:50
10k+

ABŞ-nyň asmanynda partlan meteorit birnäçe ştaty sarsdyrdy

30-njy maý güni gündiz güýçli partlan meteorit ABŞ-nyň demirgazyk-gündogar bölegini sarsdyrdy. NASA-nyň habar bermegine görä, asman jisiminiň dargan mahalynda böleklere bölünen energiýasy takmynan 300 tonna......

29.05.2026 23:01
5k+

Blue Origin-iň «New Glenn» raketasynyň synagy güýçli partlama bilen tamamlandy

Blue Origin kompaniýasynyň agyr klasly «New Glenn» raketa göterijisi Floridadaky Kanaweral burnunda ýerleşýän 36-njy uçuş toplumynda geçirilen synag mahalynda partlady....

28.05.2026 17:31
2.8k+

Perseverance roweri Marsda «marafon» aralygyna golaýlady we selfi düşdi

NASA-nyň Perseverance mars roweri Ýezero krateriniň günbatar bölegindäki Lac de Charmes diýlip atlandyrylýan sebitde, gadymy Mars peýzažynyň öňünde täze selfi düşürdi. Bu surat 2026-njy ýylyň 11-nji martynda......