Ýere azyndan 20 asteroid "assyrynlyk bilen" ýetip gelýär

  • 02.06.2026 12:47
  • 6.2k+

Indiki aýyň dowamynda Ýeriň golaýyndan azyndan 20 asteroidiň geçmegine garaşylýar, emma hakykatda olaryň sany has köp bolup biler. Bu barada Nowosibirsk Döwlet Uniwersitetiniň “Wega” obserwatoriýasynyň inženeri Mihail Maslowa salgylanýan TASS habar berdi.

Hünärmeniň sözlerine görä, ähli obýektleriň takyk deslapky sanyny anyklamak mümkin däl, sebäbi olar giç ýüze çykarylýar.

Şeýle asman jisimleriniň köpüsi awtomatlaşdyrylan ulgamlar tarapyndan planeta iň golaý ýakynlaşmagyna bary-ýogy birnäçe gün galanda anyklanýar. Mysal hökmünde, bilermen 19-njy maýdan 24-nji maýa çenli döwri mysal getirdi, şol döwürde uçup geçmegine az wagt galanda anyklanan 28 asteroid Ýeriň golaýynda hasaba alyndy.

Şeýle hem, Mihail Maslow käbir asman jisimleriniň barlagçylar tarapyndan anyklanman galmagynyň hem mümkindigini sözüniň üstüne goşdy.

Potensial howply obýektleri yzygiderli gözegçilikde saklamak we anyklamak üçin alymlar ýöriteleşdirilen teleskop ulgamlaryny ulanýarlar, olaryň iň meşhurlary Pan-STARRS we ATLAS. Bu ulgamlar asmany yzygiderli skanirleýär, surata düşürýär we täze suratlary arhiw katalogyndakylar bilen deňeşdirýär, bu bolsa öň belli bolmadyk asteroidleri çalt anyklamaga we olaryň traýektoriýalaryny hasaplamaga mümkinçilik berýär.


düýn 14:38
2.4k+

Mars Express Marsyň jülgelerinde 30 sany tozan "şeýtanyny" surata aldy

Mars Express orbita stansiýasy Marsdaky Mamers Valles sebitiniň — takmynan 1000 kilometre uzalyp gidýän giň jülgeler ulgamynyň — täze, detallaýyn suratyny Ýere iberdi. Suraty has ýakyndan öwrenenden soň,......

düýn 08:10
4.1k+

Barlaglar kalsiniň we D witamininiň süňkler üçin peýdalydygyny tassyklamady

Kanadaly alymlar kalsiniň, D witamininiň ýa-da ikisiniň utgaşmasynyň yzygiderli kabul edilmeginiň gartaşan adamlaryň köpüsinde süňk döwülmeleriniň we ýykylmalaryň töwekgelçiligini azaltmaga täsiriniň azdygyny......

21.06.2026 16:08
3.5k+

Kofehanadan ýangyç gaba: Günorta Koreýada kofe çökündisini ýangyja öwürmegiň usuly tapyldy

Günorta Koreýanyň Ýer ylymlary we mineral serişdeler institutynyň barlagçylary çygly we ulanylan kofe galyndysyny bary-ýogy 90 sekundyň içinde ýokary kaloriyaly bio-kömüre öwürmäge mümkinçilik berýän täze usul......

20.06.2026 10:01
4.2k+

Ylmy barlaglar sungata öwrülende: Iş başyndaky alymyň surat bäsleşiginiň ýeňijileri

Nature žurnaly her ýyl geçirilýän Scientist At Work surat bäsleşiginiň netijelerini yglan etdi we 2026-njy ýylyň iň gowy bäş suratyny görkezdi. Ähli işler alymlaryň özleri tarapyndan surata düşürilipdir....