Blue Origin-iň «New Glenn» raketasynyň synagy güýçli partlama bilen tamamlandy

  • 29.05.2026 23:01
  • 5k+

Blue Origin kompaniýasynyň agyr klasly «New Glenn» raketa göterijisi Floridadaky Kanaweral burnunda ýerleşýän 36-njy uçuş toplumynda geçirilen synag mahalynda partlady.

Bu waka penşenbe güni ýerli wagt bilen sagat 21:00 töwereklerinde (Aşgabat wagty bilen anna güni sagat 06:00-da) bolup geçdi.

​Kompaniýa X sosial ulgamynda beren habarynda synag wagtynda näbelli bir näsazlygyň ýüze çykandygyny tassyklady.

​Blue Origin-iň eýesi Jeff Bezos ähli işgärleriň howpsuz ýerdedigini we işgärler üçin hiç hili howpuň ýokdugyny mälim etdi. Ol heläkçiligiň sebäpleri barada häzirden belli bir netijä gelmegiň irdigini-de nygtady.

​Partlama örän güýçli boldy: golaýdaky şäherleriň ýaşaýjylary öýleriniň sarsandygyny we aý-aýdyň ýagtylygyň peýda bolandygyny habar berdiler. Muňa garamazdan, ýerli gulluklar ýangyç galyndylaryndan gelip biljek hiç hili howpuň ýokdugyny yglan etdiler.

​Bu synag «New Glenn» raketasynyň ýakyn hepdelerde meýilleşdirilen dördünji uçuşyna taýýarlygyň çägindäki çäredi. Raketa Amazon Leo kompaniýasynyň 48 sany internet hemrasyny orbita çykarmalydy, ýöne synag pursadynda raketanyň içinde hiç hili enjam ýokdy.

Uçuş meýdançasynyň binalaryna we desgalaryna ýetirilen zyýanyň möçberi entek anyklanylmady.

​Bu raketa şu ýylyň başyndaky uçuşlaryň birinde hem tehniki bökdençlikler bilen ýüzbe-ýüz bolupdy we bu ýagdaý göz öňünde tutulan missiýanyň şowsuz tamamlanmagyna eltipdi.

2025-nji ýylda ilkinji gezek asmana göterilen «New Glenn» NASA-nyň «Artemis» Aý maksatnamasynyň bir bölegi hasap edilýär.

Bezos kompaniýanyň ähli zerur zatlary täzeden dikeltjekdigini we uçuşlara gaýtadan dolanjakdygyny duýdurdy.


11.06.2026 08:39
1.1k+

SpaceX ýene bir rekord goýdy: Falcon 9-yň birinji basgançagy 35-nji uçuşyny tamamlady

SpaceX kompaniýasy raketalary gaýtadan ulanmak boýunça öz rekordyny ýene-de täzeledi. Raketa göteriji Falcon 9-yň birinji basgançagy kosmosa uçdy we eýýäm 35-nji gezek yzyna gaýdyp geldi....

10.06.2026 10:51
1.2k+

Prada we Axiom Space Aýda geýiljek skafandryň içki gatlagyny görkezdi

"Prada" we "Axiom Space" kompaniýalary LCVG (suwuklyk bilen sowadýan we wentilýasiýa edýän eşik) atly içki sowadyjy we wentilýasiýa eşigini tanyşdyrdylar. Ol astronomlaryň Aýyň üstünde işleýän wagty beden......

08.06.2026 16:17
2.9k+

NASA-nyň «X-59» uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçmäge taýýarlanýar

NASA-nyň «X-59» sesden hem çalt uçýan eksperimental uçary uçuş synaglarynyň nobatdaky tapgyryna taýýarlanýar. Bu tapgyrda uçar öz taryhynda ilkinji gezek sesiň tizliginden-de ýokary geçmelidir....

02.06.2026 12:47
6.2k+

Ýere azyndan 20 asteroid "assyrynlyk bilen" ýetip gelýär

Indiki aýyň dowamynda Ýeriň golaýyndan azyndan 20 asteroidiň geçmegine garaşylýar, emma hakykatda olaryň sany has köp bolup biler. Bu barada Nowosibirsk Döwlet Uniwersitetiniň “Wega” obserwatoriýasynyň......