Google Gemini emeli aň ýaryşynda yza galdy – ulanyjylar ChatGPT bilen Meta AI-ny ileri tutýarlar

  • 25.04.2025 16:24
  • 2.9k+

Google-yň Gemini atly emeli aňyny aýda, takmynan, 350 million adam ulanýar, bu bolsa ChatGPT we Meta AI bilen deňeşdirilende ep-esli azdyr. Bu sanlar golaýda Google bilen baglanyşykly geçirilen kazyýet diňlenişiginde ýüze çykaryldy diýip, «The Information» neşiri habar berýär.

«The Information» neşiriniň berýän maglumatlaryna görä, Google-a garşy alnyp barylýan bäsdeşlik düzgünlerini bozmak baradaky kazyýet işiniň dowamynda, kompaniýa kazyýetde Gemini atly emeli aň kömekçisiniň işjeň ulanyjylarynyň sanyny görkezýän slaýdy hödürläpdir. Bu maglumatlara görä, 2025-nji ýylyň mart aýynda Gemini-niň dünýä boýunça aýlyk işjeň ulanyjylarynyň sany 350 milliona deň. Şeýle-de Google-yň emeli aňyny gündelik 35 milliona golaý adam ulanýar.
Google bu sanlary ABŞ-nyň Adalat ministrliginiň «kompaniýanyň emeli aň arkaly gözleg ulgamyndaky agalygyny güýçlendirmeginiň öňi alynmaly» diýen talabyna jogap hökmünde hödürledi. Emma häzirki wagtda Google bu ugurda bäsdeşlerinden yza galýar. OpenAI we Meta bu babatda has öňde. «TechCrunch» neşiriniň habaryna görä, 2024-nji ýylyň sentýabrynda Meta AI-yň aýlyk ulanyjy sany 500 milliona golaý bolupdyr, OpenAI bolsa golaýda ChatGPT-niň her hepde dünýäde 400 milliondan gowrak adam tarapyndan ulanylýandygyny mälim etdi.
Ulanyjy sanyny hasaplamakda kompaniýalaryň usullary dürli-dürli bolsa-da, bu ýagdaý Google-yň emeli aň bäsdeşliginde OpenAI-den ep-esli yza galýandygyny görkezýär.


25.06.2026 14:57
1k+

Google kino älemine ilkinji gezek maýa goýup, «A24» studiýasynyň paýyny satyn alýar

Google tehnologiýa ägirdi we "A24" meşhur garaşsyz kino studiýasy strategik hyzmatdaşlyk barada ylalaşyk baglaşandyklaryny resmi taýdan yglan etdiler....

25.06.2026 10:21
4.3k+

Özbegistanda emeli aň tutuş mähelläniň meselelerini çözmäge kömek eder

Özbegistanda mähellelerdäki iň derwaýys meseleleri ýüze çykarmak we olary çözmek boýunça çalt çäreleri görmek üçin emeli aň esasly ulgam ornaşdyrylar. Degişli teklipler ýurduň prezidenti Şawkat Mirziýoýewe......

19.06.2026 19:53
2.4k+

Google gurluşykçy we elektrik hünärleri okuwyna $50 mln gönükdirmekçi

Google kompaniýasy «Google.org» gaznasy arkaly ABŞ-nyň 20-den gowrak ştatynda işçi hünärleri boýunça okuw maksatnamalaryna 50 million dollar gönükdirer. Kompaniýa bu taslamanyň çäginde 300 müňden gowrak......

19.06.2026 19:38
665

Threads platformasynyň auditoriýasy ýarym milliard adama ýetdi

Threads sosial ulgamy özüniň aýlyk auditoriýasyny 500 milliona ýetirip, X (öňki Twitter) platformasynyň görkezijilerine golaýlaşdy....