ChatGPT-niň özüni nähili keşpde “göz öňüne getirýändigi” anyklanyldy

  • 20.04.2025 10:51
  • 5.8k+

Mart aýynyň ahyrynda OpenAI şekil emele getirmek funksiýasyny hödürledi. Şondan soň ulanyjy Deniel Paleka ChatGPT-niň özüni nähili şekillendirýändigini barlamak kararyna geldi. Ol soragyň we çeper stiliň dürli hili berlendigine garamazdan, netijäniň meňzeş bolýandygyna üns berdi. Ýagny, çat-bot özüni goňras saçly, sakgally we äýnekli ýaş ak erkek adam hökmünde göz öňüne getirýär.

Paleka öz netijelerini News Letter blogunda paýlaşdy. Ol birnäçe synag geçirdi: modelden özüni mangi, anime, Tapo, Ghibli we fotorealizm stillerinde görkezmegi sorady. Hatda söweş sahnasy ýaly dürli hereketler goşulanda-da, obraz üýtgemedi diýen ýaly. Ol modeliň haýsydyr bir “awtomatik obrazy” ulanýandygy baradaky pikire geldi.
Hatda soragda “sen” sözüni ulanman, ony “adam” bilen çalşyrsaň hem, ChatGPT şol bir obrazy döredýär.
Palekiň pikiriçe, bu öwredilýän maglumatlardaky medeni obrazlar bolup biler. Gizmodo portaly jynsy ýa-da beýleki aýratynlyklary görkezmeseň, modeliň köplenç ak erkek adamyň-programmistiň obrazyny döredýändigini belledi.
Şol bir wagtyň özünde, ChatGPT özüni şahsyýet hökmünde däl-de, “aýna we kömekçi” hökmünde kabul edýändigini aýdýar. 


03.06.2026 15:15
3.4k+

Türkmenistanyň Gümrük gullugy «Bir penjire» ulgamyna emeli aňy girizdi

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy «Eksport-import amallary üçin bir penjire» web-portalyna (tradebridge.gov.tm) emeli aň tehnologiýasyny goşdy. Bu täze tehnologik mümkinçilik 2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan......

28.05.2026 09:06
3.2k+

OpenAI emeli aň howpsuzlygy boýunça barlagçy wezipesine adam gözleýär – zähmet haky ýylda 445 müň dollar

OpenAI kompaniýasy emeli aňyň howpsuzlygy boýunça barlagçy wezipesine ýylda 445 müň dollara çenli aýlyk hakly iş ornuny açdy....

18.05.2026 14:48
3.9k+

Tehasda ilkinji gezek maglumat merkezleriniň gurluşygyna wagtlaýyn gadagançylyk girizildi

Tehas ştatynyň Hill okrugynyň ygtyýarlylar geňeşi oba ýerlerinde maglumat merkezleriniň gurluşygyny bir ýyl möhlet bilen togtatmak baradaky karary goldap ses berdi. Bu karar ştatyň taryhynda şeýle görnüşdäki......

17.05.2026 19:53
2.9k+

Gazagystanda emeli aň sebäpli 400 müň iş orny gysgaldylar

Gazagystanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň birinji wise-ministri Ýerbol Tuýakbaýewiň senatda geçiren brifinginde beren beýanaty boýunça, ýurtda geljek 10 ýylyň içinde emeli aňyň......