Bilermenler smartfonlar üçin iň gowy emeli aňy deňeşdirip saýladylar

  • 03.07.2025 14:56
  • 3.4k+

Mrwhosetheboss YouTube kanaly smartfonlar üçin meşhur emeli aň çat-botlaryny deňeşdirdi: ChatGPT, Google Gemini (2.5 Pro), Perplexity Pro we Grok 3. Synagyň maksady dürli ýagdaýlarda haýsysynyň has täsirli işleýändigini anyklamakdy.

Meseleler çözülende Google Gemini Pro we ChatGPT-niň hersi 1 bal aldy, Grok 3 bolsa 2 bal toplady. Şuňa meňzeş netijeler matematiki hasaplamalarda hem ýüze çykdy.
Terjime tabşyryklarynda iň gowy netije ChatGPT bilen Perplexity Pro çat-botlaryna degişli boldy. Grok 3 çylşyrymly sözlemleri manysyna görä däl-de, has sözme-söz terjime edip, ähli gatnaşyjylaryň arasynda iň pes netijäni görkezdi.
Synaglaryň netijesi boýunça iň ýokary baly ChatGPT aldy – 29.
Ikinji orny 24 bal bilen Grok 3 eýeledi, onuň yzysüre Gemini Pro geldi (22 bal). Iň pes netije 19 bal bilen Perplexity Pro çat-botyna degişli boldy.


03.06.2026 15:15
3.4k+

Türkmenistanyň Gümrük gullugy «Bir penjire» ulgamyna emeli aňy girizdi

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy «Eksport-import amallary üçin bir penjire» web-portalyna (tradebridge.gov.tm) emeli aň tehnologiýasyny goşdy. Bu täze tehnologik mümkinçilik 2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan......

28.05.2026 09:06
3.2k+

OpenAI emeli aň howpsuzlygy boýunça barlagçy wezipesine adam gözleýär – zähmet haky ýylda 445 müň dollar

OpenAI kompaniýasy emeli aňyň howpsuzlygy boýunça barlagçy wezipesine ýylda 445 müň dollara çenli aýlyk hakly iş ornuny açdy....

18.05.2026 14:48
3.9k+

Tehasda ilkinji gezek maglumat merkezleriniň gurluşygyna wagtlaýyn gadagançylyk girizildi

Tehas ştatynyň Hill okrugynyň ygtyýarlylar geňeşi oba ýerlerinde maglumat merkezleriniň gurluşygyny bir ýyl möhlet bilen togtatmak baradaky karary goldap ses berdi. Bu karar ştatyň taryhynda şeýle görnüşdäki......

17.05.2026 19:53
2.9k+

Gazagystanda emeli aň sebäpli 400 müň iş orny gysgaldylar

Gazagystanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň birinji wise-ministri Ýerbol Tuýakbaýewiň senatda geçiren brifinginde beren beýanaty boýunça, ýurtda geljek 10 ýylyň içinde emeli aňyň......