ChatGPT çat-boty OpenAI-e ýylda $10 mlrd girdeji getirip başlady

  • 11.06.2025 16:04
  • 2.3k+

OpenAI kompaniýasy ChatGPT çat-boty işe girizilenden soň üç ýyldan az wagtyň içinde 10 mlrd dollar möçberde ýyllyk girdejä ýetdi. Bu barada kompaniýanyň wekiline salgylanyp, CNBC teleýaýlymy habar berdi.

Esasy girdeji ChatGPT-niň ulanyjy wersiýasyna tölegli ýazylyşyklardan, korporatiw önümlerden we üçünji tarap serwislere OpenAI-iň tehnologiýasyny ulanmaga mümkinçilik berýän API-ä elýeterli bolmakdan gelýär. Hasap Microsoft-dan ygtyýarlyk töleglerini we uly bir gezeklik şertnamalardan gelýän girdejileri öz içine almaýar.
2024-nji ýylda OpenAI-iň girdejisi 5,5 mlrd dollar boldy. Bu görkezijilere ýetmek üçin kompaniýa, takmynan, 5 mlrd dollar maýa goýdy. CNBC-niň maglumatlaryna görä, OpenAI-iň häzirki bahasy onuň girdejisinden, takmynan, 30 esse ýokarydyr. Kompaniýa 2029-njy ýyla çenli girdejini 125 mlrd dollara ýetirmegi meýilleşdirýär.
2025-nji ýylyň mart aýynyň ahyryna çenli ýagdaýa görä, OpenAI hepdede 500 mln işjeň ulanyjy we 3 mln tölegli korporatiw müşderiler barada habar berdi. 


31.05.2026 18:06
2.2k+

NYT: Anthropic dünýäniň iň gymmat emeli aň startapy boldy

Anthropic kompaniýasy bazar bahasy boýunça özüniň iň esasy bäsdeşi bolan OpenAI kompaniýasyny yzda galdyryp, dünýäniň emeli aň maksatly iň gymmat startapyna öwrüldi. Bu barada Amerikanyň meşhur The New York......

20.05.2026 15:31
1k+

Intel Formula-1-de McLaren-yň hasaplaýyş serişdeleri boýunça hyzmatdaşy boldy

Intel korporasiýasy we McLaren Racing topary strategik hyzmatdaşlygyň başlanýandygyny yglan etdiler, onuň çäginde amerikan kompaniýasy Formula-1 toparynyň hasaplaýyş hyzmatdaşy bolar....

15.05.2026 10:46
1.8k+

Alibabanyň peýdasy 84% peselse-de,emeli aňa goýlan maýa goýumlaryň miweleri «düwüp» başlady

Hytaýyň tehnologiýa ägirdi Alibaba geçen ýyl bilen deňeşdireniňde, kompaniýanyň arassa peýdasynyň 84% aşak düşüp, 5,1 milliard ýuana (750,9 million dollar) çenli azalandygyny mälim etdi. Emma muňa garamazdan,......

11.05.2026 18:18
1.2k+

Alibaba haryt gözlegini emeli aň bilen gürrüňdeşlige öwürýär

Alibaba kompaniýasy özüniň «Taobao» we «Tmall» elektron söwda platformalaryny täzelemäge taýýarlanýar. Kompaniýa haryt saýlamak we satyn almak işini gürrüňdeşlik arkaly amala aşyrmak üçin Qwen atly emeli aň......