Intel Formula-1-de McLaren-yň hasaplaýyş serişdeleri boýunça hyzmatdaşy boldy

  • 20.05.2026 15:31
  • 1k+

Intel korporasiýasy we McLaren Racing topary strategik hyzmatdaşlygyň başlanýandygyny yglan etdiler, onuň çäginde amerikan kompaniýasy Formula-1 toparynyň hasaplaýyş hyzmatdaşy bolar.

Ylalaşyk ýaryş toparynyň işinde ýokary öndürijilikli arhitekturalary we emeli aň çözgütlerini ulanmagy göz öňünde tutýar. Intel aerodinamiki seljerme, hasaplaýyş gidrodinamikasy, bolidiň dinamikasyny modelirlemek, ýaryş strategiýasyny seljermek we karar kabul etmek ulgamlaryny goldamak bilen baglanyşykly wezipeleri ýerine ýetirmek üçin McLaren-e Xeon we Core Ultra prosessorlaryny üpjün eder.

«Formula-1 ýaryşlary — bu ýokary öndürijilikli hasaplamalar üçin iň oňat meýdançalaryň biridir. Intel hasaplaýyş serişdeleri boýunça McLaren Racing-iň hyzmatdaşy bolandygyndan we takyklyga, tizlige hem-de innowasiýalara ymtylýan toparyň bir bölegine öwrülendiginden buýsanýar. Bilelikde biz maglumatlary bäsdeşlik artykmaçlygyna öwrüp, mümkin bolan çäkleri giňeldip bileris» diýip, Intel-iň baş direktory Lip-Bu Tan belledi.

Toparda hasaplaýyş çözgütleriniň McLaren-iň Wokingdäki merkezi bilen toparyň ýaryş bokslarynyň arasyndaky aragatnaşyk üçin ulanyljakdygy anyklanyldy.

«Formula-1 ýaryşlaryndaky üstünlik köp babatda tehnologiýalara baglydyr we Intel bilen hyzmatdaşlyk innowasiýalary ornaşdyrmak baradaky mümkinçiliklerimizi berkidýär. Intel eýýäm biziň tehnologik ekoulgamymyzyň möhüm bölegidir we olaryň hasaplaýyş tehnikasy babatyndaky öňdebaryjylygy bolidlerimizi taslamak we ýaryşlara gatnaşmak usulymyzda aýgytlaýjy rol oýnar» diýip, McLaren Racing-iň baş direktory Zak Braun mälim etdi.


şu gün 12:01
996

ASML Ýewropanyň taryhynda iň gymmat kompaniýa boldy

Çipleri öndürmek üçin litografiýa skanerleriniň dünýäde iň uly üpjünçisi bolan Niderlandlaryň ASML kompaniýasy Ýewropanyň taryhyndaky iň gymmat kompaniýa öwrüldi. Onuň bazar gymmaty 668 milliard dollara ýetip,......

düýn 13:03
2.7k+

Airbus «A320» uçarlar maşgalasy üçin 20 müňden gowrak sargyt aldy

Ýewropanyň Airbus uçargurluşyk kompaniýasy maý aýynyň ahyryna çenli «A320» maşgalasyna degişli ýolagçy uçarlary üçin 20 müňden gowrak sargyt aldy. Bu görkeziji Ýewropanyň uçargurluşykçysynyň iň köpçülikleýin......

07.06.2026 10:17
5.9k+

«Iň soňky tango»: Adidas Messi üçin ýörite butsy çykardy

Adidas kompaniýasy Lionel Messi üçin 2026-njy ýylyň dünýä çempionatyna bagyşlanan «F50 Messi 2026 World Cup “El Último Tango”» (Iň soňky tango) butsysyny resmi taýdan tanyşdyrdy. Çünki, öňümizdäki dünýä......

02.06.2026 12:08
2k+

LG Electronics kompaniýasynyň paýnamalary ýylyň başyndan bäri 300% ýokarlandy

LG Electronics kompaniýasynyň paýnamalary ýylyň başyndan bäri takmynan 300 göterim gymmatlady. Bloomberg-iň habar bermegine görä, nyrhlaryň bu derejede çalt ýokarlanmagy maýadarlaryň kompaniýanyň robototehnika......