Lewandowski Chery awtobrendiniň global ilçisi boldy

  • 20.05.2026 11:34
  • 4.7k+

«Barselonanyň» hüjümçisi Robert Lewandowski Hytaýyň Chery awtokompaniýasynyň dünýä derejeli global ilçisi boldy.

Kompaniýa bu ylalaşygyň futbolçynyň halkara derejesini we tutuş karýerasynyň dowamynda saklanan bazarlardaky ýokary özüne çekijiligini görkezýändigini belledi.

Chery bu hyzmatdaşlyk barada 18-nji maýda özüniň Barselonadaky Ýewropa dolandyryş merkezinde habar berdi. Ylalaşyga gol çekmek dabarasynda Lewandowskä «Chery Tiggo 9» atly täze gibrid krossoweriň açary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Bu gymmat bahaly maşgala awtomobili 7 adamlyk giň salony we içi örän uly bagajy bilen tapawutlanýar. Ulagyň gibrid motory örän güýçli bolup, ol 428 at güýjüni we 580 Nm çekiş güýjüni öndürýär.

Biraz wagt ozal 37 ýaşly polşaly hüjümçi «Barselonanyň» düzüminde «Kamp Nou» stadionynda özüniň hoşlaşyk oýnuny geçiripdi. Futbolçy katalon kluby bilen şertnamasyny uzaltmazlyk barada karara geldi.

Lewandowski «Barselonanyň» düzüminde jemi dört ýyl geçirip, topar bilen bilelikde ýedi sany kubogy gazanmagy başardy.


şu gün 12:01
905

ASML Ýewropanyň taryhynda iň gymmat kompaniýa boldy

Çipleri öndürmek üçin litografiýa skanerleriniň dünýäde iň uly üpjünçisi bolan Niderlandlaryň ASML kompaniýasy Ýewropanyň taryhyndaky iň gymmat kompaniýa öwrüldi. Onuň bazar gymmaty 668 milliard dollara ýetip,......

düýn 13:03
2.7k+

Airbus «A320» uçarlar maşgalasy üçin 20 müňden gowrak sargyt aldy

Ýewropanyň Airbus uçargurluşyk kompaniýasy maý aýynyň ahyryna çenli «A320» maşgalasyna degişli ýolagçy uçarlary üçin 20 müňden gowrak sargyt aldy. Bu görkeziji Ýewropanyň uçargurluşykçysynyň iň köpçülikleýin......

07.06.2026 10:17
5.9k+

«Iň soňky tango»: Adidas Messi üçin ýörite butsy çykardy

Adidas kompaniýasy Lionel Messi üçin 2026-njy ýylyň dünýä çempionatyna bagyşlanan «F50 Messi 2026 World Cup “El Último Tango”» (Iň soňky tango) butsysyny resmi taýdan tanyşdyrdy. Çünki, öňümizdäki dünýä......

02.06.2026 12:08
2k+

LG Electronics kompaniýasynyň paýnamalary ýylyň başyndan bäri 300% ýokarlandy

LG Electronics kompaniýasynyň paýnamalary ýylyň başyndan bäri takmynan 300 göterim gymmatlady. Bloomberg-iň habar bermegine görä, nyrhlaryň bu derejede çalt ýokarlanmagy maýadarlaryň kompaniýanyň robototehnika......