LVMH kompaniýasy tas 30 ýyllap eýelik eden Marc Jacobs brendini satýar

  • 18.05.2026 14:50
  • 2k+

Fransiýanyň LVMH kompaniýasy otuz ýyla golaý eýelik eden Marc Jacobs brendini WHP Global kompaniýasyna satmak barada ylalaşyk baglaşdy.

Marc Jacobs-yň paýnamalarynyň gözegçilik bukja bölegi 1997-nji ýylda LVMH tarapyndan satyn alnypdy. Brendiň özüni bolsa 1984-nji ýylda dizaýner Mark Jeýkobs we telekeçi Robert Daffi esaslandyrypdy.

Kompaniýanyň beren habaryna görä, Marc Jacobs WHP Global-yň ýokary hilli moda boýunça iň esasy brendine öwrüler. Kompaniýanyň portfelinde eýýäm Vera Wang, rag & bone we G-STAR ýaly brendler bar. Söwda doly tamamlanandan soň, WHP Global-yň dünýä boýunça bölek satuw dolanyşygynyň 9,5 milliard dollardan geçmegine garaşylýar.

LVMH-iň beýanatynda G-III Apparel Group kompaniýasynyň hem Marc Jacobs-yň peýdasyna öwrüljekdigi bellenilýär. Brendiň dünýä boýunça göni we lomaý satuwlar bilen baglanyşykly söwdasynyň bir bölegi şol kompaniýa geçer.

Söwda şertnamasynyň ýylyň ahyryna çenli doly tamamlanmagyna garaşylýar.

Ozal Financial Times neşiri LVMH kompaniýasynyň Amerikadaky birnäçe aktiwlerini, şol sanda Marc Jacobs-y we aýdymçy Riannanyň Fenty Beauty brendindäki paýyny satmak mümkinçiliklerini gözden geçirýändigini habar beripdi.

Mälim bolşy ýaly, LVMH kompaniýasy Louis Vuitton, Givenchy, Guerlain, Kenzo, Moet & Chandon we Hennessy ýaly meşhur brendler arkaly önüm öndürýär. Kompaniýanyň esasy dolandyryş edarasy Parižde ýerleşýär.


23.06.2026 08:37
7.7k+

Ýewropada her gün baýlygy 30 mln dollardan geçýän 20 täze millioner peýda bolýar

Soňky 5 ýylyň dowamynda Ýewropada aşa ýokary girdejili adamlaryň sany 25 göterim artdy. Knight Frank Wealth Report-uň täze hasabatyna görä, Ýewropa yklymynda baýlygy 30 million dollardan geçýän 183 953 adam......

22.06.2026 08:33
4k+

Farrell Uilýams we adidas magnit bagjykly täze krossowka modelini çykardy

Farrell Uilýams we adidas Originals täze «Virginia Vario Flat Earther» krossowka modelini tanyşdyrdy. Bu önüm sazandanyň «Virginia» atly döredijilik platformasynyň bir bölegi boldy diýip, «Hypebae» neşiri......

21.06.2026 21:59
2.4k+

Dünýäniň wideooýun bazary ilkinji gezek 200 mlrd dollardan geçdi

Dünýäniň wideooýun bazary 2025-nji ýylyň jemleri boýunça taryhda ilkinji gezek 200 milliard dollar çäginden geçdi....

20.06.2026 10:45
3.9k+

SpaceX-iň IPO-sy köp adamy: ýokary derejeli menejerlerden başlap, adaty kebşirleýjilere we bäsdeşlere çenli baý etdi.

2026-njy ýylyň 12-nji iýunynda SpaceX aerokosmos kompaniýasy gazna biržasynda deslapky paýnama goýuş çäresini(IPO) geçirdi. Bu waka resmi taýdan onuň esaslandyryjysy Ilon Masky dünýäde ilkinji trillioner etdi.......