Google возглавил рейтинг самых дорогих брендов мира: как выглядит первая «десятка»?

  • 17.05.2026 09:49
  • 2.5k+

Kantar kompaniýasynyň çap eden «BrandZ Top 100 Most Valuable Global Brands 2026» atly reýtingine görä, bu ýyl Google soňky dört ýylda ilkinji gezek Apple kompaniýasyndan öňe geçip, dünýäniň iň gymmat brendi boldy.

Dünýäniň iň uly ýüz sany brendiniň umumy bahasy geçen ýyl bilen deňeşdirilende 22% ýokarlanyp, rekord derejä – 13,1 trillion dollara ýetdi. Taryhda ilkinji gezek bir wagtda dört sany brendiň – Google, Apple, Microsoft we Amazon kompaniýalarynyň her biriniň bahasy 1 trillion dollar mukdaryndan geçmegi başardy. Google brendiniň bahasy 57% ýokarlanyp, 1,48 trillion dollara ýetdi we Kantar munuň esasy sebäbini emeli aňyň ösdürilmegi, kompaniýanyň önümlerine Gemini ulgamynyň ornaşdyrylmagy hem-de maglumat merkezlerine goýlan maýa goýumlary bilen düşündirýär.

Gözlegde aziýa brendleriniň täsiriniň artýandygy hem aýratyn bellenilýär. Şunlukda sanawa Aziýadan 23 sany kompaniýa girdi we hytaý brendleriniň arasynda Agricultural Bank of China, Alibaba, ICBC, Xiaomi, Tencent hem-de Ping An ýaly kompaniýalar has ýokary ösüş görkezdi.

Moda äleminde Zara brendi Nike-dan öňe geçip, dünýäniň iň gymmat moda brendi bolan bolsa, kaşaňlaryň segmentinde Hermès birinjiligi Louis Vuitton-dan almagy başardy.

Kantar tarapyndan taýýarlanylan dünýäniň iň gymmat 10 brendiniň sanawy şeýle görnüşde boldy:

1. Google – 1,48 trillion dollar;

2. Apple – 1,38 trillion dollar;

3. Microsoft – 1,11 trillion dollar;

4. NVIDIA – 814,9 milliard dollar;

5. Facebook – 366,6 milliard dollar;

6. Instagram – 286,1 milliard dollar;

7. Tencent – 251,5 milliard dollar;

9. Oracle – 235,8 milliard dollar;

10. McDonald’s – 235 milliard dollar.


23.06.2026 08:37
7.6k+

В Европе ежедневно появляется по 20 новых миллионеров с состоянием свыше $30 млн

За последние 5 лет численность людей с ультравысоким доходом в Европе увеличилась на 25%. Согласно данным свежего отчета Knight Frank Wealth Report, на европейском континенте проживает 183 953 человека, чье......

22.06.2026 08:33
3.9k+

Фаррелл Уильямс и adidas выпустили новую модель кроссовок с магнитной застёжкой

Фаррелл Уильямс и adidas Originals представила новую модель кроссовок Virginia Vario Flat Earther. Выпуск стал частью творческой платформы музыканта Virginia, пишет Hypebae....

21.06.2026 21:59
2.3k+

Мировой рынок видеоигр впервые превысил $200 млрд

Мировой рынок видеоигр по итогам 2025 года впервые в истории превысил отметку в 200 млрд долларов. Согласно данным аналитической компании Newzoo, совокупная выручка индустрии достигла 201,6 млрд долларов, что......

20.06.2026 10:45
3.8k+

На IPO SpaceX разбогатели много людей: от топ-менеджеров до обычного сварщика и конкурента

12 июня 2026 года аэрокосмическая компания SpaceX провела первичное размещение акций (IPO) на фондовой бирже. Это событие официально сделало её основателя Илона Маска первым в мире долларовым триллионером.......