Ilkinji gorag çehollary iPhone 18 Pro-nyň dizaýnyny tassyklady

  • 19.05.2026 09:37
  • 4.6k+

Internetde iPhone 18 Pro we iPhone 18 Pro Max üçin niýetlenen gorag çehollarynyň suratlary peýda boldy. Bu çehollaryň dizaýnyň iň soňky ylalaşygyndan geçendigi we geljekki smartfonlaryň suduryny gaýtalaýandygy bellenilýär.

Paýlaşylan materiallara görä, smartfonlar esasy kamerasynyň gorizontal bloguny we MagSafe magnitli zarýad beriş goldawyny saklap galarlar. Modelleriň korpusynyň bitewi alýumin garyndysyndan ýasalmagyna, kamera meýdançasynyň bolsa Ceramic Shield gorag örtügi bilen üpjün edilmegine garaşylýar.

Deslapky maglumatlara görä, enjamlar has galyň bolar. iPhone 18 Pro Max-yň kamerasynyň çykyp duran ýeri bilen bilelikdäki galyňlygy öňki nesliň 12,92 mm görkezijisine garanyňda 13,77 mm bolar. Bu bolsa has uly fotomodulyň we täzelenen optikanyň ulanyljakdygyna şaýatlyk edip biler.

Täze seriýanyň dört reňkde elýeterli bolmagyna, şol sanda täze Dark Cherry öwüşgininiň peýda bolmagyna garaşylýar. Şeýle hem TSMC tarapyndan öndürilen ilkinji 2 nanometrlik çip bolan A20 Pro prosessorynyň ilkinji çykyşyna garaşylýar.

Täze smartfonlaryň tanyşdyrylyşy sentýabr aýynda bolar diýlip garaşylýar.


23.06.2026 08:37
7.7k+

Ýewropada her gün baýlygy 30 mln dollardan geçýän 20 täze millioner peýda bolýar

Soňky 5 ýylyň dowamynda Ýewropada aşa ýokary girdejili adamlaryň sany 25 göterim artdy. Knight Frank Wealth Report-uň täze hasabatyna görä, Ýewropa yklymynda baýlygy 30 million dollardan geçýän 183 953 adam......

22.06.2026 08:33
3.9k+

Farrell Uilýams we adidas magnit bagjykly täze krossowka modelini çykardy

Farrell Uilýams we adidas Originals täze «Virginia Vario Flat Earther» krossowka modelini tanyşdyrdy. Bu önüm sazandanyň «Virginia» atly döredijilik platformasynyň bir bölegi boldy diýip, «Hypebae» neşiri......

21.06.2026 21:59
2.3k+

Dünýäniň wideooýun bazary ilkinji gezek 200 mlrd dollardan geçdi

Dünýäniň wideooýun bazary 2025-nji ýylyň jemleri boýunça taryhda ilkinji gezek 200 milliard dollar çäginden geçdi....

20.06.2026 10:45
3.9k+

SpaceX-iň IPO-sy köp adamy: ýokary derejeli menejerlerden başlap, adaty kebşirleýjilere we bäsdeşlere çenli baý etdi.

2026-njy ýylyň 12-nji iýunynda SpaceX aerokosmos kompaniýasy gazna biržasynda deslapky paýnama goýuş çäresini(IPO) geçirdi. Bu waka resmi taýdan onuň esaslandyryjysy Ilon Masky dünýäde ilkinji trillioner etdi.......