Düwmeli Nokia 1100 taryhda iň köp satylan telefon boldy

  • 19.05.2026 16:35
  • 4.9k+

Ykjam gurluşlaryň taryhynda iň köp satylan telefon düwmeli Nokia 1100 modeli boldy. «BGR» neşiriniň maglumatlaryna görä, bu enjamyň satuwy 250 million birlige ýetdi.

Ikinji orny hem Nokia kompaniýasynyň ýene bir modeli — 248 million nusga bilen 1110 modeli eýeledi. Üçünji ýerde bolsa jemi 224 million nusga satuw netijesi bilen iPhone 6 we 6 Plus smartfonlary durýar.

Žurnalistler Nokia telefonlarynyň meşhurlygyny olaryň çykan wagtynda bäsdeşligiň pes bolmagy we bahasynyň elýeterliligi bilen baglanyşdyrýar. 1100 modeli 2003-nji ýylda, 1110 modeli bolsa 2005-nji ýylda peýda boldy. Şol wagtlar olaryň esasy bäsdeşleri Blackberry, Sony we Motorola kompaniýalarydy. Nokia 1100, takmynan, 100 dollar, 1110 modeli bolsa 78 dollar töweregi durýardy, şol bir wagtda Motorola Razr V3 telefony 449 dollardan satylýardy.

Elýeterli baha bu enjamlary ösüp barýan bazarlarda has-da meşhur etdi. Hindistanda Nokia 1110 modeli 2007-nji ýyla çenli satyldy. iPhone peýda bolandan soň hem Nokia telefonlary giňden ulanylmagyny dowam etdirdi: 2011-nji ýylda Afrikada 50 milliona golaý 1100 modeli bardy.

Makalanyň awtorlary 2026-njy ýylyň apreline çenli dünýäniň smartfon bazarynyň has bäsdeşlikli bolandygyny belleýär. Apple we Samsung kompaniýalarynyň paýy, takmynan, 21 göterim töweregi diýlip bahalandyrylýar, olaryň esasy bäsdeşleriniň arasynda bolsa Xiaomi we Huawei görkezilýär. Muňa garamazdan, bilermenleriň pikiriçe, ýakyn wagtda Nokia 1100 we 1110 modelleriniň rekordlary täzelenmese gerek.


şu gün 13:03
1.6k+

Airbus «A320» uçarlar maşgalasy üçin 20 müňden gowrak sargyt aldy

Ýewropanyň Airbus uçargurluşyk kompaniýasy maý aýynyň ahyryna çenli «A320» maşgalasyna degişli ýolagçy uçarlary üçin 20 müňden gowrak sargyt aldy. Bu görkeziji Ýewropanyň uçargurluşykçysynyň iň köpçülikleýin......

düýn 10:17
5.6k+

«Iň soňky tango»: Adidas Messi üçin ýörite butsy çykardy

Adidas kompaniýasy Lionel Messi üçin 2026-njy ýylyň dünýä çempionatyna bagyşlanan «F50 Messi 2026 World Cup “El Último Tango”» (Iň soňky tango) butsysyny resmi taýdan tanyşdyrdy. Çünki, öňümizdäki dünýä......

02.06.2026 12:08
2k+

LG Electronics kompaniýasynyň paýnamalary ýylyň başyndan bäri 300% ýokarlandy

LG Electronics kompaniýasynyň paýnamalary ýylyň başyndan bäri takmynan 300 göterim gymmatlady. Bloomberg-iň habar bermegine görä, nyrhlaryň bu derejede çalt ýokarlanmagy maýadarlaryň kompaniýanyň robototehnika......

31.05.2026 18:06
2.2k+

NYT: Anthropic dünýäniň iň gymmat emeli aň startapy boldy

Anthropic kompaniýasy bazar bahasy boýunça özüniň iň esasy bäsdeşi bolan OpenAI kompaniýasyny yzda galdyryp, dünýäniň emeli aň maksatly iň gymmat startapyna öwrüldi. Bu barada Amerikanyň meşhur The New York......