Alibabanyň peýdasy 84% peselse-de,emeli aňa goýlan maýa goýumlaryň miweleri «düwüp» başlady

  • 15.05.2026 10:46
  • 1.8k+

Hytaýyň tehnologiýa ägirdi Alibaba geçen ýyl bilen deňeşdireniňde, kompaniýanyň arassa peýdasynyň 84% aşak düşüp, 5,1 milliard ýuana (750,9 million dollar) çenli azalandygyny mälim etdi. Emma muňa garamazdan, emeli aň tehnologiýalaryna bolan uly isleg sebäpli kompaniýanyň «bulut» bölüminiň girdejisi 38% ýokarlandy.

EBITA – göterimler, salgytlar we amortizasiýa tutumlary aýrylmazdan ozalky düzedilen peýda görkezijisidir.

Birinji çärýekde peýdanyň peselmegi, esasan, onlaýn söwda we emeli aň düzümlerine goýlan ägirt uly maýa goýumlary bilen baglanyşyklydyr. Kompaniýanyň baş direktory Eddi Wu Alibaba-nyň bu goýumlaryň netijesini ýakyn 3-5 ýylyň içinde görjekdigine ynanýandygyny aýtdy.

Onuň sözlerine görä, emeli aňa bolan isleg şeýle bir ýokary welin, häzirki wagtda kompaniýa ozalky çak edilişinden has köp hasaplama güýjüne mätäç. Şol sebäpli Alibaba maglumat merkezlerine, ýarymgeçirijilere we «Qwen» atly öz emeli aň modellerine yzygiderli maýa goýmagy dowam etdirýär.

«Bulut» işewürligi össe-de, maýadarlar «dessine söwda» (harytlary bir sagatdan-da az wagtda eltip bermek) ugruna sarp edilýän çykdajylara şübheli garaýarlar. Bu ugra goýlan maýalar sebäpli Hytaýdaky onlaýn söwda bölüminiň sap peýdasy 40% azaldy, ýöne müşderileri dolandyrmakdan gelýän girdeji 1% ösüş görkezdi.

Şol bir wagtyň özünde, çalt eltip berme hyzmatyndan gelýän girdeji 57%, Hytaýdaky onlaýn söwdanyň umumy girdejisi bolsa 6% ýokarlandy.

Kompaniýanyň «Cloud Intelligence Group» girdejisi 41,6 milliard ýuana (6,1 milliard dollar) ýetdi. Maliýe direktory Tobi Sýu emeli aň önümlerinden gelýän girdejiniň eýýäm 11 çärýek bäri yzygiderli üç belgili sanlar bilen (ýagny azyndan 100% we ondan köp) ösýändigini habar berdi.

Şeýle hem, kompaniýa meşhur «Taobao» söwda platformasy üçin «Qwen» atly sesli emeli aň kömekçisini işe girizýändigini-de yglan etdi.


23.06.2026 08:37
7.2k+

Ýewropada her gün baýlygy 30 mln dollardan geçýän 20 täze millioner peýda bolýar

Soňky 5 ýylyň dowamynda Ýewropada aşa ýokary girdejili adamlaryň sany 25 göterim artdy. Knight Frank Wealth Report-uň täze hasabatyna görä, Ýewropa yklymynda baýlygy 30 million dollardan geçýän 183 953 adam......

22.06.2026 08:33
3.8k+

Farrell Uilýams we adidas magnit bagjykly täze krossowka modelini çykardy

Farrell Uilýams we adidas Originals täze «Virginia Vario Flat Earther» krossowka modelini tanyşdyrdy. Bu önüm sazandanyň «Virginia» atly döredijilik platformasynyň bir bölegi boldy diýip, «Hypebae» neşiri......

21.06.2026 21:59
2.3k+

Dünýäniň wideooýun bazary ilkinji gezek 200 mlrd dollardan geçdi

Dünýäniň wideooýun bazary 2025-nji ýylyň jemleri boýunça taryhda ilkinji gezek 200 milliard dollar çäginden geçdi....

20.06.2026 10:45
3.8k+

SpaceX-iň IPO-sy köp adamy: ýokary derejeli menejerlerden başlap, adaty kebşirleýjilere we bäsdeşlere çenli baý etdi.

2026-njy ýylyň 12-nji iýunynda SpaceX aerokosmos kompaniýasy gazna biržasynda deslapky paýnama goýuş çäresini(IPO) geçirdi. Bu waka resmi taýdan onuň esaslandyryjysy Ilon Masky dünýäde ilkinji trillioner etdi.......