Alibaba haryt gözlegini emeli aň bilen gürrüňdeşlige öwürýär

  • 11.05.2026 18:18
  • 1.2k+

Alibaba kompaniýasy özüniň «Taobao» we «Tmall» elektron söwda platformalaryny täzelemäge taýýarlanýar. Kompaniýa haryt saýlamak we satyn almak işini gürrüňdeşlik arkaly amala aşyrmak üçin Qwen atly emeli aň ulgamyny ornaşdyrdy.

Indi ulanyjylar adaty açar sözler arkaly gözleg etmegiň deregine, emeli aň bilen gönümel gürleşip bilerler. «Qwen» goşundysy arkaly alyjylara «Taobao» we «Tmall» platformalaryndaky 4 milliarddan gowrak haryt elýeterli bolar.

Emeli aň harytlary saýlap berer we olary biri-biri bilen deňeşdirer. Sargytlary resmileşdirmäge, eltip berme hyzmatyna gözegçilik etmäge we satyn alandan soňky hyzmatlara kömek eder.

Ulgam ulanyjynyň öňki satyn alan zatlaryna we gyzyklanmalaryna esaslanyp, oňa degişli maslahatlary berer.

Şol bir wagtyň özünde «Taobao» goşundysynyň içinde «Qwen» esasynda işleýän wirtual kömekçi peýda bolar. Onuň täze funksiýalarynyň arasynda harytlary wirtual geýip görmek we bahalaryň 30 günüň dowamyndaky üýtgeýşine gözegçilik etmek mümkinçilikleri bar.

Reuters agentliginiň maglumatyna görä, Alibaba onlaýn söwdany adaty gözlegden sanly geňeşçi bilen şahsy aragatnaşyga öwürmegi maksat edinýär.


düýn 10:45
2.9k+

SpaceX-iň IPO-sy köp adamy: ýokary derejeli menejerlerden başlap, adaty kebşirleýjilere we bäsdeşlere çenli baý etdi.

2026-njy ýylyň 12-nji iýunynda SpaceX aerokosmos kompaniýasy gazna biržasynda deslapky paýnama goýuş çäresini(IPO) geçirdi. Bu waka resmi taýdan onuň esaslandyryjysy Ilon Masky dünýäde ilkinji trillioner etdi.......

17.06.2026 11:29
4.6k+

Specialized 12 müň dollarlyk dag elektrik welosipedini çykardy

Specialized kompaniýasy bahasy 12 müň dollar bolan «Levo 4 X» atly täze dag elektrik welosipedini tanyşdyrdy....

17.06.2026 11:16
952

Pirelli 2028-nji ýyla çenli «Formula-1» üçin tekerleriň ýeke-täk üpjünçisi bolup galar

«Formula-1» we Halkara awtomobil federasiýasy (FIA) Italiýanyň Pirelli kompaniýasy bilen baglaşylan ylalaşygyň möhletini 2028-nji ýyla çenli uzaltdy. Öndüriji çempionat, şeýle-de «Formula-2», «Formula-3» we......

17.06.2026 09:59
1.1k+

Samsung kompaniýasy Snapdragon X2 Elite prosessorly Galaxy Book 6 Edge noutbugyny çykardy

Samsung kompaniýasy täze Galaxy Book 6 Edge noutbugyny hödürledi. Bu model Qualcomm kompaniýasynyň Snapdragon X2 Elite prosessory bilen enjamlaşdyrylan Galaxy Book 6 hatarynyň ilkinji önümidir. Emeli aň......