OpenAI kompaniýasy 3 mlrd dollara Windsurf startapyny satyn almak üçin taýynlyk görýär

  • 20.04.2025 14:05
  • 1.3k+

OpenAI kompaniýasy Windsurf atly startapy satyn almak boýunça gepleşikleri geçirýär. Bu barada çeşmelerine salgylanyp, «Bloomberg» agentligi habar berýär. Şertnamanyň bahasy, takmynan, 3 milliard dollar bolar diýip garaşylýar we bu ChatGPT-niň işläp düzüjisi üçin taryhyndaky iň uly geleşik bolup biler.

Gepleşikler entek tamamlananok. Şertnamanyň şertleri heniz ylalaşylanok, şeýle-de ol tutuş amala aşman galyp hem biler diýip, çeşme belleýär. OpenAI we Windsurf bu barada düşündiriş bermekden ýüz öwürdiler.
Windsurf startapy 2021-nji ýylda esaslandyryldy. Ol programma kodlaryny ýazmaga kömek edýän emeli aň gurallaryny işläp taýýarlaýar. 2023-nji ýylda kompaniýa 150 million dollarlyk maýa goýum çekdi we şol wagt onuň bahasy 1,25 milliard diýlip kesgitlenildi.
«Bloomberg-iň» maglumatlaryna görä, Windsurf häzirki wagtda täze maýa goýum tapgyryny ara alyp maslahatlaşýar. Şol tapgyrda kompaniýanyň bahasy 3 milliard dollar hökmünde kesgitlenip bilner, bu bolsa OpenAI bilen baglaşylmagy mümkin bolan satyn alyş şertnamasynyň bahasyna gabat gelýär.


31.05.2026 18:06
2.2k+

NYT: Anthropic dünýäniň iň gymmat emeli aň startapy boldy

Anthropic kompaniýasy bazar bahasy boýunça özüniň iň esasy bäsdeşi bolan OpenAI kompaniýasyny yzda galdyryp, dünýäniň emeli aň maksatly iň gymmat startapyna öwrüldi. Bu barada Amerikanyň meşhur The New York......

20.05.2026 15:31
1k+

Intel Formula-1-de McLaren-yň hasaplaýyş serişdeleri boýunça hyzmatdaşy boldy

Intel korporasiýasy we McLaren Racing topary strategik hyzmatdaşlygyň başlanýandygyny yglan etdiler, onuň çäginde amerikan kompaniýasy Formula-1 toparynyň hasaplaýyş hyzmatdaşy bolar....

15.05.2026 10:46
1.8k+

Alibabanyň peýdasy 84% peselse-de,emeli aňa goýlan maýa goýumlaryň miweleri «düwüp» başlady

Hytaýyň tehnologiýa ägirdi Alibaba geçen ýyl bilen deňeşdireniňde, kompaniýanyň arassa peýdasynyň 84% aşak düşüp, 5,1 milliard ýuana (750,9 million dollar) çenli azalandygyny mälim etdi. Emma muňa garamazdan,......

11.05.2026 18:18
1.2k+

Alibaba haryt gözlegini emeli aň bilen gürrüňdeşlige öwürýär

Alibaba kompaniýasy özüniň «Taobao» we «Tmall» elektron söwda platformalaryny täzelemäge taýýarlanýar. Kompaniýa haryt saýlamak we satyn almak işini gürrüňdeşlik arkaly amala aşyrmak üçin Qwen atly emeli aň......