ChatGPT-ä baglylyk beýniniň işjeňligini we döredijilik ukybyny peseldýär - barlaglar

  • 23.06.2025 12:49
  • 3.9k+

Massaçusets tehnologiýa institutynyň (MIT) alymlary tekstler bilen işleşende ChatGPT - ä aşa bil baglamagyň öwreniş ukybyňy we tankydy pikirlenmäňi peseldip biljekdigini anykladylar. Bu barada täze barlaga salgylanýan Time žurnaly habar berýär.

Synaga 18 ýaşdan 39 ýaş aralygyndaky 54 adam gatnaşdy we olary üç topara böldüler. Birinji topar ChatGPT ulanyp, SAT derejeli düzme ýazdy, ikinjisi – Google ulandy, üçünjisi - hiç hili tehnologiýa ulanman ýazdy. Düzmäniň temalary hökmünde, mysal üçin, haýyr-sahawat etikasy ýa-da saýlamagyň kynçylygy  baradaky temalar hödürlendi. Düzme ýazylýarka barlagçylar elektroensefalografiýa arkaly beýniniň işjeňligini ölçediler.
ChatGPT-ni ulananlar, esasanam üns we gözegçilik bilen baglanyşykly ýerlerde neýron işjeňliginiň iň pes derejesini görkezdiler. Olaryň ýazan tekstleri birmeňzeş sözlerden, jümlelerden we pikirlerden ybaratdy. Mugallymlar işleri “bary birmeňzeş” diýip häsiýetlendirdiler. Üçünji düzmäni ýazmaga gatnaşyjylar şeýle bir ýaltandylar welin, teksti redaktirlemegi bes etdiler, ähli işi neýroulgama ynanyp, taýýar teksti göçürdiler.
AI-niň kömegini ulanmazdan işleýänler beýniniň iň ýokary işjeňligini görkezdiler, esasanam ýadyň, döredijiligiň we maglumatlaryň manyly işlenmegine jogapkär alfa-, teta- we delta-diapazonlarynda hasam işjeň boldy. Google bilen işlän topar hem gowy netijeleri görkezdi.
Synag gutarandan soň, gatnaşyjylardan düzmeleriň haýsy-da bolsa birini täzeden ýazmagy haýyş etdiler. Ilki ChatGPT ulanmadyklara onuň kömegini berdiler, AI ulanan topar bolsa bu gezek hemme zady özbaşdak etmeli boldy. Şeýle-de bolsa, birinji topar ähli EEG ýygylyklarynda işjeňligiň artandygyny görkezdi. Emma ikinji topardaky adamlar ýazan zatlaryny doly ýatlaryna salyp bilmediler we teta we alfa diapazonlarynda gowşak işjeňligi görkezdiler, bu uzak möhletli ýadyň ýeterlik işlemeýändigini görkezýär.
Synag dil modelleriniň ulanylmagynyň, esasanam, ýaşlara zyýanly bolup biljekdigini görkezdi. Makalanyň awtory Natalýa Kosmina, barlagyň netijelerini hünärmenleriň gözden geçirmegine garaşmazdan, çap etmek kararyna geldi. Ol AI çat-botlaryny ulanmagyň çagalykdan öwredilip başlanmagyndan gorkýar we gyssagly karara gelmekden saklanmagy duýdurmak isleýär.
Kosminanyň işi toparyň uly däldigi, diňe ChatGPT-e we diňe synag gönükmelerine ünsi jemländigi, şeýle-de baha berilýän meseleleriň funksiýa taýdan ýeterlik bölünmändigi sebäpli akademiki toparlaryň tankydyndan sowa geçip bilmedi.


düýn 16:56
1k+

Ylym we tehnologiýalar boýunça Döwlet maksatnamasy tassyklanyldy

Türkmenistanda adam maýasyny, ilatyň intellektual derejesini has-da ösdürmek, ýaşlary ylmy-barlag işlerine işjeň çekmek hem-de ylmyň, tehnikanyň we tehnologiýalaryň gazananlaryny wagyz etmek maksady bilen,......

düýn 12:41
1.1k+

Alymlar kümüş atomlaryndan taryhda iň kiçijik QR-kody döretdi

Awstraliýanyň Monaş uniwersitetiniň we Çehiýanyň Ylymlar akademiýasynyň alymlary QR-kod döretdi. Bu model Ginnesiň rekordlar kitabyna giren ozalky koddan, takmynan, 800 esse kiçidir....

düýn 11:09
1.3k+

Alymlar Gün şöhlesinden we suwdan suwuk ýangyç almak üçin «emeli ýaprak» oýlap tapdylar

Ýel uniwersitetiniň ýolbaşçylygyndaky barlagçylar topary Gün energiýasyny ulanyp, suwy we uglerod iki oksidini metanola öwürmäge ukyply enjam döretdiler. Ulgam «emeli ýaprak» ýörelgesi boýunça işleýär we......

12.06.2026 06:42
5.5k+

Niderlandlarda et ösdürip ýetişdirýän ilkinji ferma döredildi

Niderlandlaryň Shipluýden şäherinde emeli usulda et ösdürip ýetişdirýän dünýäde ilkinji ferma açyldy. «NL Times» neşiriniň ýazmagyna görä, bu kärhanada eti öndürmek üçin haýwanlar soýulmaýar....