Toyota Hilux pikapy düýbünden başgaça dizaýny aldy we ilkinji gezek elektrik boldy

  • 12.11.2025 18:52
  • 12k+

Toyota öz Hilux pikabynyň dokuzynjy neslini hödürledi. Täze modeliň global premýerasy Bangkokda geçirildi we bu ýerde awtomobiliň elektrik görnüşi-de görkezildi.

Pikabyň eksterýeri we interýeri doly gaýtadan işlendi, şol bir wagtyň özünde Hilux-yň tanalýan stili saklandy. Ulagyň öň bölegi has agressiw boldy: inçe yşyk diodly çyralar peýda boldy, bamper üýtgedildi, ýük ýeriniň gapagynda uly Toyota ýazgysy ýerleşdirildi.
Interýerde ýiti şekiller ulanyldy. Ol uly merkezi ekrana, adaty transmissiýa selektoryna (onuň formasy güýç enjamynyň görnüşine baglylykda üýtgeýär) we köp sanly fiziki düwmelere eýe boldy. Ýangyç bilen işleýän Hilux-yň salonynda doly herekete getiriji üçin ryçag hem bar.
Pikabyň ululygy-da sähel üýtgedi: uzynlygy – 5320 mm, beýikligi – 1800 mm, tigir bazasy öňküligine galdy – 3085 mm.
Elektrik Hilux umumy kuwwaty 196-197 at güýjüne deň bolan iki hereketlendiriji we 59,2 kWt/sag sygymly litiý-ion batareýasy bilen enjamlaşdyryldy. Ulagyň NEDC sikli boýunça bir zarýadda 300 km ýol geçip biljekdigi bellenilýär, ýöne hakyky ulanylyşda görkeziji pes bolup biler.
Mundan başga-da, elektrik görnüşde radiator gözenegi ýok.
2026-njy ýylda model Aziýada satylyp başlanar, soňra Ýaponiýa üçin dizel görnüşi çykar. 2028-nji ýylda kompaniýa Ýewropa bazary üçin wodorod Hilux FCEV-i hem çykarmagy meýilleşdirýär.   


16.06.2026 09:57
5.8k+

Toyota Ýewropada Hilux modeliniň täze neslini tanyşdyrdy

Toyota kompaniýasy Ýewropada Hilux pikapynyň dokuzynjy neslini görkezdi. Bu model öňki rama gurluşyny we ýolsuz ýerlerde hereket etmek mmükinçiliklerini saklap galdy, ýöne doly täzelenen dizaýna, sanly......

15.06.2026 23:53
2.7k+

24 sagatlyk çydamlylyk ýaryşynda "Toyota-nyň" ekipažy ýeňiş gazandy

Fransiýada dünýäniň çydamlylyk ýaryşlary çempionatynyň (WEC) 2026-njy ýyl möwsüminiň üçünji tapgyry bolan "Le-Manyň 24 sagady" ýaryşy tamamlandy. Kamui Kobýasi, Nik de Wris we Maýk Konweýden ybarat bolan......

13.06.2026 09:36
3.5k+

Toyota-nyň Hytaýdaky satuwy üçden bir essä golaý azaldy

2026-njy ýylyň maý aýynyň jemleri boýunça "Toyota-nyň" Hytaýdaky satuwy 102,3 müň ulaga deň boldy, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 31,7% azdyr....

12.06.2026 01:38
7.4k+

Ýapon ulaglary iň uzak ömürli awtoulaglar bolup çykdy - Barlagyň netijeleri

iSeeCars portalynyň analitikleri 174 müňden gowrak awtoulagyň ýol geçiş aralygy baradaky açyk maglumatlary öwrenip, maşynlarynyň 250 müň mile (takmynan 400 müň km) çenli aralygy geçip bilmek ähtimallygy iň......