20 ýyldan soň rewanş: Fýodor Ýemelýanenko Kro Kopa garşy ringe çykar

  • 11.11.2025 00:55
  • 24k+

MMA-nyň russiýaly söweşijisi Fýodor Ýemelýanenko 2026-njy ýylda Kro Kop lakamy bilen tanalýan horwatiýaly Mirko Filipowiç bilen söweşjekdigini habar berdi. Söweş boks düzgünleri boýunça geçiriler diýip, ol “Gazeta.Ru” bilen söhbetdeşlikde aýtdy.

“Men MMA-da çykyşymy tamamladym, sebäbi men eýýäm 49 ýaşymda we fiziki taýdan biraz pes. Ýöne boksda hemme zat birneme aňsat. Häzir biz görkeziliş däl-de, hakyky söweş barada maslahatlaşýarys” – diýip, Ýemelýanenko aýtdy.

Söweşi martda ýa-da aprelde Serbiýada geçirmek meýilleşdirilýär.
Ýemelýanenko söweşiň geçiriljek ýeri, senesi we ýaryşyň maliýe tarapy barada doly pikirleriň bardygyny, diňe şertnamanyň punktlaryny ylalaşmagyň galandygyny belledi.
Russiýaly söweşijä taýýarlanmaga boks boýunça öňki dünýä çempiony Denis Lebedew kömek eder.
Söweş 2005-nji ýyldaky duşuşygyň rewanşy bolar. Şol wagt Fýodor Filipowiçi ýeňip, Pride çempiony titulyny gorapdy.
Ýemelýanenko MMA-daky çykyşyny 2023-nji ýylyň 5-nji fewralynda Raýan Beýderden ýeňlenden soň tamamlady. Ol karýerasynyň dowamynda 48 söweşe gatnaşyp, 40-ysynda ýeňiş gazandy, ýedi gezek ýeňildi, bir söweş geçirilmedik diýlip hasaplandy. Söweşiji ringde Maýk Taýson bilen hem duşuşmak isländigini, ýöne onuň bilen ylalaşyp bilmändigini aýtdy. 


30.05.2026 08:45
8.4k+

Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempion boldy

Türkmen boksçysy Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempionlyk guşagyny gazandy. Tutluşyk Daşkentdäki «Humo Arena» sport toplumynda, WBC Ýewraziýa Boxing Night halkara boks agşamynyň çäklerinde......

25.05.2026 16:52
10k+

Kikboksçy Werhowen Usikden ýeňlenden soň resmi şikayat etdi

Niderlandly meşhur kikboksçy Riko Werhowen ukrainaly dünýä çempiony Aleksandr Usikden ýeňlenden soň tutluşygyň netijesine resmi taýdan garşylyk bildirdi. Ol eminiň 11-nji raundda tutluşygy wagtyndan öň......

24.05.2026 15:33
11k+

Usik çempionlyk söweşinde kikboksçy Werhoweni nokaut etdi

Ukrainaly boksçy Aleksandr Usik kikboksçy Riko Werhoweni 11-nji raundda tehniki nokaut bilen ýeňdi we agyr agramdaky WBA, WBC we IBF çempionlyk titullaryny gorap galdy....

23.05.2026 16:21
11k+

On adam üçin 1,4 milliard dollar: Forbes sport dünýäsiniň henizem weteranlar tarapyndan dolandyrylýandygyny görkezdi

Forbes žurnalynyň şu ýylky iň köp hak tölenýän türgenler boýunça reýtingi sportuň rowaýaty türgenleriniň 40 ýaşdan soň hem ýaş super ýyldyzlardan köp pul gazanýandygyny görkezdi....