Hytaýda ýakynda açylan 758 metrlik köpri ýykyldy

  • 13.11.2025 22:41
  • 51k+

Hytaýyň Syçuan welaýatynda ýerleşýän Hunsi köprüsiniň ýol örtügi we birnäçe aralygy ýykyldy. Bu köpri welaýat sebitini Tibet platosy bilen baglanyşdyrýardy. Köpriniň gurluşygy 2025-nji ýylyň başynda tamamlanypdy. Reuters we China Daily neşirleriniň ýazmagyna görä, hadysa gurluşykdaky säwlikler zerarly däl-de, eýsem tebigy sebäplerden ýüze çykypdyr.

Geçen duşenbe güni köpriniň ýerleşýän ýerinde dag eteginiň deformasiýasy we gaýada ýaryklar ýüze çykarylypdyr. Ýerli häkimiýetler mümkin bolan howpy seljerenden soň, halas ediş gulluklaryny çagyrdylar. Ýol tiz wagtda ýapyldy, üstündäki awtoulaglar bolsa ewakuasiýa edildi.
Ertesi gün dag etegindäki ýer süýşmesi köpriniň diregleriniň ýykylmagyna sebäp boldy. Netijede, köpriniň birnäçe aralygy we dagyň gyrasynda ýerleşýän ýol bölegi dolulygyna ýumruldy. Şol bir wagtyň özünde alnyp barlan çäreleriň netijesinde adam pidasy ýa-da ýaralanan bolmady.
Häzirki wagtda sürüjiler aýlawly ýollary ulanmaga mejbur bolýarlar. Welaýat ýolbaşçylary ýoluň dikeldiljek wagtyny entek takyk aýdyp bilenoklar, ýer süýşmesiniň netijeleri heniz öwrenilýär.


23.05.2026 15:57
7.6k+

Hytaýdaky kömür şahtasynda heläkçilik boldy

Hytaýyň demirgazygyndaky Şansi welaýatynda ýerleşýän kömür şahtasynda partlama boldy. Gynançly wakanyň netijesinde azyndan 90 adam pida boldy diýip, Hytaýyň döwlet CCTV telekompaniýasy habar berýär....

20.05.2026 15:16
7.9k+

Hytaýyň günorta we merkezi sebitleri güýçli ýagyşlardan we ýer süýşgünlerinden ejir çekdi

Hytaýyň günorta we merkezi sebitlerinde ýagan güýçli ýagyşlar sil suwlaryna we ýer süýşgünlerine getirdi....

18.05.2026 21:05
9.9k+

Hytaýyň günortasynda bolan ýer titremesinden soň 7 müňden gowrak adam başga ýere göçürildi

Hytaýyň günortasyndaky Lýuçžou şäherinde 5,2 bal güýji bolan ýer titremesi boldy. Tebigy betbagtçylyk sebäpli 7 müňden gowrak adam başga ýere göçürildi diýip, Reuters agentligi habar berýär....

21.01.2026 10:08
5.2k+

Illýuminatory çat açan hytaý kosmos gämisi Ýere ekipažsyz gaýdyp geldi

Hytaýyň «Şençžou-20» kosmos gämisi 2026-njy ýylyň 19-njy ýanwarynda Ýere ekipažsyz üstünlikli gaýdyp geldi – kapsula Içki Mongoliýanyň Dunfen sebitinde boş gondy. Bu barada South China Morning Post habar berýär...