Hytaýyň günorta we merkezi sebitleri güýçli ýagyşlardan we ýer süýşgünlerinden ejir çekdi

  • 20.05.2026 15:16
  • 8k+

Hytaýyň günorta we merkezi sebitlerinde ýagan güýçli ýagyşlar sil suwlaryna we ýer süýşgünlerine getirdi.

Tebigy apatyň netijesinde azyndan 21 adam pida boldy, ýene-de birnäçe adam dereksiz ýiten diýip hasaplanylýar.

Iň agyr ýagdaý Guansi, Hubeý, Hunan we Guýçžou sebitlerinde ýüze çykdy.

​Guansi sebitinde joşan sil suwlary içinde 15 sany oba hojalyk işgäri bolan ýük ulagyny derýa akdyrdy. Wakada 10 adam wepat boldy. Şeýle hem Guýçžouda 4 adam, Hunanda 4 adam we Hubeýde 3 adam heläk boldy.

​Hytaýyň Meteorologiýa gullugy Szyansi, Anhoý, Hunan, Hubeý, Guýçžou, Guansi, Guandun welaýatlarynda we Haýnan adasynda ýokary derejeli howp ýagdaýyny yglan etdi. Häkimiýetler apatyň netijelerini aradan aýyrmak üçin 150 million ýuan serişde gönükdirdiler we birnäçe etraplarda adatdan daşary ýagdaý tertibini girizdiler.

​Hubeý welaýatynyň Szinçžou şäherinde köçeleri suw basdy, köp sanly awtoulaglar tas dolulygyna suwuň aşagynda galdy. Sosial ulgamlarda ýerli ýaşaýjylaryň hut suw basan köçelerde balyk tutup duran pursatlarynyň wideolary ýaýrady.

​Zabun howa şertleri birnäçe sebitlerde mekdepleriň, kärhanalaryň we ulag gulluklarynyň işini wagtlaýynça togtatmaga mejbur etdi.

Hubeý we Hunan welaýatlarynda müňlerçe adam howpsuz ýerlere göçürildi.

​Meteorologlar ýakyn günlerde güýçli ýagyşlaryň ýurduň gündogar we günorta sebitlerine süýşjekdigini duýdurdylar. Täze sil we suw joşmalarynyň döräp biljek ýokary töwekgelçiligi sebäpli Ýanszy derýasynyň sebitine aýratyn üns berilýär.


şu gün 07:41
5.5k+

Berliniň ýaşaýjylary zäherli gurçuklaryň hüjümine sezewar boldular

Berliniň birnäçe etrabynda meşe (dub) ýüpek gurçugynyň köpçülikleýin ýaýramagy dowam edýär. Şol sebäpli häkimiýetler Şarlottenburg-Wilmersdorf okrugyndaky sport desgalaryny we ýaşyl zolaklary ýapmaga mejbur......

şu gün 07:40
4.4k+

Hytaýyň Guýçžou welaýatyndaky güýçli ýagyşlar sebäpli 10 müňe golaý adam göçürildi

Hytaýyň günorta-günbatar böleginde ýerleşýän Guýçžou welaýatynda güýçli ýagyşlar suw joşgunlaryna sebäp boldy. Häkimiýetler 10 müňe golaý adamy gyssagly göçürmäge mejbur boldy diýip, Xinhua agentliginiň habar......

düýn 13:01
7.6k+

8,1 ballyk ýer titremesinden soň, Filippinlerde we Ýaponiýada sunami barada duýduryş berildi

Mindanao adasynyň kenarynda bolan 8,1 ballyk ýer titremesinden soň, Filippinlerde we Ýaponiýada sunami duýduryşy berildi. Hökümet birnäçe kenarýaka sebitlerinde ilaty ewakuasiýa etmäge başladylar....

02.06.2026 20:28
7.8k+

Ýaponiýada taýfun sebäpli Toyota we Suzuki kompaniýalarynyň 18 zawody işini bes eder

"Çanmi" taýfuny Ýaponiýadaky 18 awtoulag zawodynyň wagtlaýynça ýapylmagyna sebäp bolar. 3-nji iýunda "Toyota-nyň" 13 zawodynda we "Suzuki-niň" bäş zawodynda önümçilik togtadylar....