Ýaza ýaraşmajak ýagdaý: Hindistanyň Uttar-Pradeş ştatynda adatdan daşary güýçli harasat boldy

  • 15.05.2026 11:17
  • 9k+

13-nji maýda agşamara Hindistanyň demirgazygyndaky Uttar-Pradeş ştatynda örän güýçli harasat turdy. Tebigy apatyň netijesinde azyndan 111 adam pida boldy we 72 adam dürli şikesleri aldy. Harasat güýçli ýagyş, gar we ýyldyrym çakmalary bilen utgaşdy diýip, Indian Express gazeti habar berýär.

​Tupan ştatyň bäş etrabyna täsir etdi. Aragatnaşyk ulgamlaryna zeper ýetmegi sebäpli öýjükli aragatnaşyk kesildi, bu bolsa halas ediş işlerini geçirmegi we zyýany anyklamagy kynlaşdyrdy.

​Pidalaryň köpüsi agaçlaryň ýykylmagy we binalaryň diwarlarynyň çökmegi netijesinde heläk boldular. Iň agyr ýagdaý Bhadohi etrabynda hasaba alyndy.

Hatda wideoşekillerde güýçli şemalyň bir adamy takmynan 50 metr beýiklige galdyrandygyny-da görmek bolýar. Ol halas bolmak üçin demir saraýa ýapyşypdyr. Emma güýçli şemal saraýy-da uçuryp, adamy hem ýokary göteripdir. Herniçik-de ol adama, dürli şikeslere duçar bolan hem bolsa, diri galmak başardypdyr.

Polisiýa we betbagtçylykly hadysalaryň netijelerini aradan aýyrmak boýunça gulluklar ýykylan agaçlary we harabalary ýygnamak işlerinde benzobyçgylary we göterijileri ulandylar. Häkimiýetler ýerli resmilere heläkçilik bolan ýerlere baryp, kömek işlerini bir gije-gündiziň dowamynda tamamlamagy tabşyrdylar. Zyýan çekenlere öwez tölegleriniň beriljekdigi wada berildi.

​Uttar-Pradeş Hindistanyň musson ýagyşlaryna we tupanlaryna iň köp sezewar bolýan sebitleriniň biri hasaplanylýar. Emma maý aýynyň ortalarynda beýle güýçli gar-ýagynyň ýagmagy bu döwür üçin mahsus bolmadyk hadysadyr. Adatça, ýylyň bu wagty sebitde tomus yssysynyň iň ýokary derejesi bolýar, musson pasly bolsa diňe birnäçe hepdeden soň başlanýar diýip, Reuters habar berýär.


şu gün 12:37
1.7k+

Wenesuelada iki güýçli ýer titremesi boldy

24-nji iýunda Wenesuelada 7,2 we 7,5 bal güýjünde iki güýçli ýer titremesi bolup, Karakasda we ýurduň beýleki ýerlerinde uly ýitgiler boldy. Häkimiýetler adatdan daşary ýagdaý yglan etdiler. Ölenleriň we......

düýn 18:53
9.5k+

Tebigy hadysalar taryhy täzeden ýazanda: dünýäni üýtgeden 5 tebigy betbagtçylyk

Tebigy betbagtçylyklar adatça uly möçberli weýrançylyklar bilen utgaşyp gelýär. Emma taryh olaryň käbirleriniň has köp zada ukyplydygyny görkezýär - olar adamzadyň ösüşiniň ugruny üýtgedip hem bilerler....

düýn 09:31
5.7k+

Seýsmologlar: 2011-nji ýyldaky ýertitreme Ýaponiýany 6 mm gündogara süýşürdi

Seýsmologlaryň halkara topary 2011-nji ýyldaky Beýik gündogar ýapon ýertitremesiniň ýetiren adatdan daşary bir täsirini ýüze çykardy. «Science» žurnalynda neşir edilen ylmy barlag esasy sarsgyndan birnäçe......

20.06.2026 14:57
7.4k+

Kamçatkanyň kenarýakalarynda bir gije-gündizde 30-dan gowrak ýertitreme boldy

Kamçatkanyň gündogar kenarýakasynyň çäklerinde 19-njy we 20-nji iýunda magnituda güýji 6,9-a çenli ýeten yzygiderli ýer titremeleri hasaba alyndy....