Indoneziýada Dukono wulkanynyň atylmagy sebäpli syýahatçylar dereksiz ýitdi

  • 09.05.2026 19:12
  • 9.5k+

Şenbe güni Indoneziýanyň häkimiýetleri Ýuwaş ummanyndaky Halmahera adasynda ýerleşýän Dukono wulkanynyň atylmagyndan soň dereksiz ýiten iki sany singapurlynyň ýerini anykladylar. Resmi wekiller häzirki wagtda olaryň diridigini ýa-da däldigini aýdyp bilmeýärler.

– Biz olaryň ýerleşýän salgylaryny anykladyk. Olar krateriň gyrasyndaky zolakda eken – diýip, Indoneziýanyň halas ediş gullugynyň ýolbaşçysy Iwan Ramdani Reuters agentligine habar berdi. Ol maglumatlaryň dronlaryň kömegi bilen alnandygyny we şaýatlaryň görkezmeleri bilen gabat gelýändigini belledi. Tebigy betbagtçylyklaryň netijelerini ýumşatmak boýunça gullugyň wekili Abdul Muhariniň sözlerine görä, syýahatçylaryň ikisiň hem tapylan ýeri esasy krateriň gyrasyndan takmynan 20–30 metr uzaklykda eken.

Şol bir wagtyň özünde, halas edijiler anna gününden bäri dereksiz ýitenleriň sanawynda duran Indoneziýanyň raýatyny entek hem tapyp bilmediler. Şol gün Demirgazyk Maluku welaýatyndaky wulkan 10 km belentlige çenli kül pürküp başlapdy.

Polisiýanyň başlygy Erlikson Pasaribu halas bolanlaryň sözlerinden çen tutup, dereksiz ýitenleriň üçüsiniň hem wepat bolandygyny aýdýar.

Krateriň töweregindäki takmynan 700 metrlik meýdanda geçirilýän gözleg-halas ediş operasiýasyna azyndan 100 sany halas ediji, harby gullukçy we polisiýa işgäri, şeýle hem iki sany ýylylyk duýujy dron çekildi. Ýerli şertleriň örän çylşyrymlylygy we wulkan atylmalarynyň dowam etmegi sebäpli ewakuasiýa işleri kynlaşýar. Ýeri gelende bellesek, anna güni häkimiýetler 17 adamy – ýedi singapurlyny we on indoneziýalyny ewakuasiýa edipdiler.

Polisiýanyň başlygy Pasaribu adamlaryň ömrüni howp astyna goýan geleňsizlik boýunça 20 syýahatçy üçin hyzmatlary guran syýahatçylyk kompaniýasyna garşy derňew işiniň alnyp barylýandygyny mälim etdi. Polisiýa gullugy kompaniýanyň gadaganlyga garamazdan, haýsy maksada gulluk edip, wulkana çykmak şertini döredendigini anyklaýar. Sebäbi Dukono wulkanyna çykmak 2024-nji ýyldan bäri gadagandy. Üstesine şu ýylyň aprelinden bäri ýerli häkimiýetler wulkanyň işjeňliginiň artandygyy göz öňünde tutup, bu sebitde islendik çäräniň geçirilmegini ret edipdi.

Wulkanologiýa gullugynyň kesgitlemesinde Dukono wulkanynyň howpy 3-nji derejeli diýlip görkezilýär. Ýaşaýjylara we syýahatçylara kraterden 4 kilometrden golaý aralyga barmazlyk maslahat berilýär. Bellemeli zat, Indoneziýa birnäçe tektonik plitalaryň birleşýän ýeri bolan, ýokary seýsmik işjeňlik zolagyndaky Ýuwaş ummanynyň «Otly halkasynda» ýerleşýär.


düýn 14:57
4.4k+

Kamçatkanyň kenarýakalarynda bir gije-gündizde 30-dan gowrak ýertitreme boldy

Kamçatkanyň gündogar kenarýakasynyň çäklerinde 19-njy we 20-nji iýunda magnituda güýji 6,9-a çenli ýeten yzygiderli ýer titremeleri hasaba alyndy....

19.06.2026 10:08
3.1k+

«Artur» tropiki tupany Tehasyň 101 etrabynda adatdan daşary ýagdaý tertibiniň girizilmegine sebäp boldy

2026-njy ýylyň Atlantik harasatlar möwsüminiň ilkinji atlandyrylan tupany bolan «Artur» tropik tupany ABŞ-nyň günortasyndaky birnäçe sebitlerde sil suwlaryna we adatdan daşary ýagdaý düzgüniniň girizilmegine......

17.06.2026 11:34
5.8k+

Germaniýada zäherli gurçuklar sebäpli mekdepleri we seýilgähleri ýapmaly bolýar

Öň habar berşimiz ýaly, tomsuň düşmegi bilen Germaniýanyň birnäçe sebitinde howply mör-möjekleriň - Thaumetopoea processionea kebelek gurçugynyň çozmagy bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar. Indi saglyga howpludygy......

16.06.2026 09:56
10k+

Filippindäki ýer titremesi deňziň düýbüni iki metr ýokary galdyrdy

Filippinde bolup geçen 7,8 magnitudaly ýer titremesi deňziň düýbüniň iki metr ýokary galmagyna getirdi. Bu ýagdaý hatda Mindanao adasynyň kenar ýakasyny hem üýtgetdi....