Illýuminatory çat açan hytaý kosmos gämisi Ýere ekipažsyz gaýdyp geldi

  • 21.01.2026 10:08
  • 5.2k+

Hytaýyň «Şençžou-20» kosmos gämisi 2026-njy ýylyň 19-njy ýanwarynda Ýere ekipažsyz üstünlikli gaýdyp geldi – kapsula Içki Mongoliýanyň Dunfen sebitinde boş gondy. Bu barada South China Morning Post habar berýär.

Illýuminatordaky çata garamazdan, germetikligiň bozulmagy bolup geçmedi, içindäki ýük hem abat galdy.
Bu çatlar 2025-nji ýylyň noýabrynda ýüze çykaryldy we olar mikroskopik kosmos zibili bilen çaknyşmagyň netijesinde dörän bolmaly. Şol sebäpli ekipaž bu gämini yzyna dolanmak üçin ulanyp bilmedi we stansiýa täze topary elten «Şençžou-21» gämisinde Ýere gaýdyp geldi. «Şençžou-20» Ýere adamsyz düşürildi, nobatçy ekipaž üçin bolsa boş «Şençžou-22» iberildi.
Orbitada Hytaý üçin rekord dokuz aý töweregi bolmak bilen, gämi inženerlere kyn şertlerde ulanyş barada gymmatly maglumatlary berdi we kosmos zibillerine has çydamly enjamlary işläp taýýarlamaga kömek eder. 


23.05.2026 15:57
7.6k+

Hytaýdaky kömür şahtasynda heläkçilik boldy

Hytaýyň demirgazygyndaky Şansi welaýatynda ýerleşýän kömür şahtasynda partlama boldy. Gynançly wakanyň netijesinde azyndan 90 adam pida boldy diýip, Hytaýyň döwlet CCTV telekompaniýasy habar berýär....

20.05.2026 15:16
7.9k+

Hytaýyň günorta we merkezi sebitleri güýçli ýagyşlardan we ýer süýşgünlerinden ejir çekdi

Hytaýyň günorta we merkezi sebitlerinde ýagan güýçli ýagyşlar sil suwlaryna we ýer süýşgünlerine getirdi....

18.05.2026 21:05
9.8k+

Hytaýyň günortasynda bolan ýer titremesinden soň 7 müňden gowrak adam başga ýere göçürildi

Hytaýyň günortasyndaky Lýuçžou şäherinde 5,2 bal güýji bolan ýer titremesi boldy. Tebigy betbagtçylyk sebäpli 7 müňden gowrak adam başga ýere göçürildi diýip, Reuters agentligi habar berýär....

18.04.2026 23:36
4.2k+

2026-njy ýylyň maýynda seýrek duş gelýän goşa dolan Aý hadysasy bolar

2026-njy ýylyň maý aýynda Ýeriň ýaşaýjylary seýrek duş gelýän hadysany — bir aýyň dowamynda iki gezek dolan Aýyň emele gelmegini synlap biler. Bu barada K.E.Siolkowskiý adyndaky Döwlet kosmonawtika taryhy......