Alymlar kosmos şöhleleriniň gelip çykyşynyň 70 ýyllyk syryny açdy

  • 18.11.2025 17:16
  • 2.9k+

LHAASO obserwatoriýasynda işleýän hytaý alymlary gara deşikden we hemra ýyldyzdan ybarat ulgamyň – mikrokwazarlaryň zarýadly bölejikleri tizleşdiriji hökmünde hereket edýändigini anyklady. Bu obýektler Akmaýanyň ýolunda ýokary energiýaly kosmos şöhleleriniň gelip çykyşynda möhüm rol oýnap biler. Bu açyş barada Xinhua agentligi habar berdi.

“Ylmy gözleg diňe bir kosmos şöhleleriniň gelip çykyşynyň esasy mehanizmlerini açyp görkezmän, eýsem biziň gara deşigiň golaýynda bolup geçýän fiziki prosesler baradaky düşünjämizi giňeldýär” – diýip, agentlik LHAASO-nyň baş ylmy işgäri, Hytaýyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi Sao Çženiň sözlerini getirýär.

Agentligiň maglumatlaryna görä, açyş köpden bäri dowam edýän ylmy meseläni – tas 70 ýyl bäri düşündirilmän galan kosmos şöhleleriniň energetika spektrinde “döwülmäniň” gelip çykyşyny çözmekde möhüm ädim boldy.
HHR-iň Ylymlar akademiýasynyň Ýokary energiýalaryň fizika institutyndan ylmy gözlegçiler bäş mikrokwazardan örän ýokary energiýaly gamma şöhlelenmesini hasaba aldy. Hususan-da, SS 433 ulgamynyň seljermesi onda protonlaryň energiýasynyň 1 PeW-den (petaelektronwolt) geçýändigini, ulgamyň her sekuntda goýberýän şöhlelenmesiniň güýjüniň bolsa 400 trln wodorod bombasynyň ýarylmagy bilen deňdigini görkezdi.
Alymlar mikrokwazarlaryň gara deşikleriň hemra ýyldyzyň maddasyny ýuwdup, örän tiz bölejik akymlaryny zyňan wagty emele gelýändigini belleýär. Alnan maglumatlar şeýle ulgamlaryň hasaba alnan şöhlelenmeleriň çeşmeleri bolup biljekdigini görkezýär. 


şu gün 10:53
434

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

şu gün 09:54
1.3k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

düýn 23:37
2.8k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

düýn 15:40
1.8k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....