Koreýaly alymlar tüwi kagyzynyň kömegi bilen köne elektronikalardan altyn almagy öwrendiler

  • 02.06.2026 12:45
  • 8.4k+

Günorta Koreýanyň himik alymlary adaty tüwi kagyzyny ulanmak arkaly elektron galyndylardan we senagat zibillerinden altyny bölüp almagyň ekologik taýdan arassa hem-de örän arzan tehnologiýasyny işläp düzdüler.

Seuldaky Koreý uniwersitetiniň professory Li Jonheniň ýolbaşçylygynda geçirilen bu ylmy barlag galyndylary gaýtadan işlemek ulgamynda uly öňegidişlik hasaplanylýar.

Täze usulyň esasynda düzüminde krahmal bolan we öýjükli gurluşy bilen tapawutlanýan iýmitlik tüwi kagyzy durýar. Alymlaryň aýtmagyna görä, bu material gymmat bahaly nebit-himiýa siňdirijileriniň ornuny doly tutýar.

Ilki bilen tüwi kagyzy ýod turşusynyň natriý duzly erginine batyrylýar, soňra bolsa azot bilen wodorodyň birleşmesi bolan gidrazin bilen işlenilýär. Bu amallardan soň kagyz sary reňkli öýjükli sorbente öwrülýär.

Taýýar bolan material turşulykda eremeýän ýagdaýyna getirilen elektron galyndylar bilen galtaşanda, altyn ionlaryny özüne siňdirip başlaýar we ölçegi 500-den 1500 nanometre çenli bolan nano-bölejikleri emele getirýär. Bu prosesde kagyz kem-kemden goňur-gyzyl reňke boýalýar.

Iň soňky tapgyrda bolsa altyn ionlaryny özüne siňdiren kagyz ýandyrylýar. Kagyz ýanyp gutarýar we diňe altynyň arassa bölejikleri galýar.

Geçirilen ylmy synaglar bu täze tehnologiýanyň galyndylaryň düzümindäki altynyň 98%-e golaýyny arassa görnüşde bölüp almaga mümkinçilik berýändigini görkezdi.

Barlagyň awtorlary bu himiki prosesiň umumy çykdajysynyň alynýan gymmat bahaly altynyň bazardaky bahasyndan has arzandygyny we tygşytlydygyny aýratyn bellediler.


düýn 16:56
1k+

Ylym we tehnologiýalar boýunça Döwlet maksatnamasy tassyklanyldy

Türkmenistanda adam maýasyny, ilatyň intellektual derejesini has-da ösdürmek, ýaşlary ylmy-barlag işlerine işjeň çekmek hem-de ylmyň, tehnikanyň we tehnologiýalaryň gazananlaryny wagyz etmek maksady bilen,......

düýn 12:41
1.1k+

Alymlar kümüş atomlaryndan taryhda iň kiçijik QR-kody döretdi

Awstraliýanyň Monaş uniwersitetiniň we Çehiýanyň Ylymlar akademiýasynyň alymlary QR-kod döretdi. Bu model Ginnesiň rekordlar kitabyna giren ozalky koddan, takmynan, 800 esse kiçidir....

düýn 11:09
1.3k+

Alymlar Gün şöhlesinden we suwdan suwuk ýangyç almak üçin «emeli ýaprak» oýlap tapdylar

Ýel uniwersitetiniň ýolbaşçylygyndaky barlagçylar topary Gün energiýasyny ulanyp, suwy we uglerod iki oksidini metanola öwürmäge ukyply enjam döretdiler. Ulgam «emeli ýaprak» ýörelgesi boýunça işleýär we......

12.06.2026 06:42
5.5k+

Niderlandlarda et ösdürip ýetişdirýän ilkinji ferma döredildi

Niderlandlaryň Shipluýden şäherinde emeli usulda et ösdürip ýetişdirýän dünýäde ilkinji ferma açyldy. «NL Times» neşiriniň ýazmagyna görä, bu kärhanada eti öndürmek üçin haýwanlar soýulmaýar....