Russiýaly alymlar 60-dan gowrak näbelli wirusy ýüze çykardylar

  • 19.11.2025 13:14
  • 3.5k+

Rospotrebnadzoryň "Wektor" atly ylmy merkeziniň alymlary Russiýada ozal öwrenilmedik 60-dan gowrak wirusy anykladylar. Bu barada RIA "Nowosti" habar berdi. Gözleg üçin nusgalar ýurduň 50 sebitinden gelip gowşupdyr.

"Biziň maksadymyz Russiýa Federasiýasynyň ähli çäginde ýaýran ähli wiruslary ýüze çykarmakdyr. Biziň üçin diňe bir bar bolan ähli wiruslary tapmak däl, eýsem, adam üçin patogen bolanlary anyklamak aýratyn möhümdir" - diýip, "Wektoryň" baş direktory Aleksandr Agafonow aýtdy.

Merkez munuň ähtimal ählumumy pandemiýanyň öňüni almak üçin geçirilýän çäreleriň biridigini belleýär. Agafonowyň sözlerine görä, indi tapylan wiruslaryň näderejede çalt ewolýusiýa geçjekdigini we ilat üçin howp döredip biljek ştamlarynyň ýüze çykyp-çykmajakdygyny bilmek galýar. Ol täze dermanlaryň we waksinlaryň gurluşyny çaklamak üçin emeli aň tehnologiýalaryny ulanmagyň ähmiýetini hem nygtady.


şu gün 10:53
434

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

şu gün 09:54
1.3k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

düýn 23:37
2.8k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

düýn 15:40
1.8k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....