Russiýada 6 million ýyl öň ýaşap geçen äpet aýynyň galyndylary tapyldy

  • 10.11.2025 11:29
  • 12k+

Russiýaly alymlar häzirki Russiýanyň günbatary bilen serhetdeş sebitlere hem golaý ýerleşýän Stawropol ülkesinden 5–6 million ýyl öň ýaşan äpet aýynyň galyndylaryny tapdylar. Bu barada Paleontologiýa institutynyň direktory Alekseý Lopatin habar berdi.

Ýabany haýwanyň täze tapylan görnüşine institutyň ilkinji direktory we rus paleontologiýasynyň esaslandyryjylaryndan biri bolan akademik Alekseý Borisýagyň hormatyna «Borisýagyň urakany» diýen at berildi.
Alymlaryň bellemegine görä, bu aýy 700 kilogramdan hem agyr bolup, häzirki döwürde ýaşaýan iň uly aýylaryň derejesinde bolupdyr. Ol diňe iri bolman, eýsem çalt ylgamaga hem ukyply bolupdyr.
Tapylan galyndylar ahyrky miosen döwrüne degişli — bu döwürde sebitiň howasy has ýyly, tebigaty bolsa has baý bolupdyr.
Häzirlikçe bu görnüşiň diňe bir nusgasy tapyldy, ýöne alymlar geljekde has köp galyndylary tapjakdyklaryna ynanýarlar.
Täze açylan äpet aýy häzirki pandalaryň daşgyn garyndaşlary bolan gadymy äpet aýylaryň toparyna degişli. Ýöne ol pandalardan tapawutlylykda, diňe ot iýiji däl-de, iri haýwanlara hem aw edip bilýän güýçli ýabany bolupdyr.


11.06.2026 14:01
8.3k+

Türkmenistanyň we Hytaýyň alymlary Garagum çölüne ekspedisiýa gurady

Türkmenistanyň we Hytaýyň alymlary Garagum çölünde bilelikdäki ylmy-gözleg ekspedisiýasyny geçirdi....

10.06.2026 11:13
9.2k+

Ortaýer deňzinde ak akulany ilkinji gezek suwuň astynda surata düşürmek başartdy

Ortaýer deňzinden taşlanyp gidilen we ýitirilen balyk torlaryny çykarmak boýunça geçirilen operasiýa gatnaşan suwasty ýüzüjiler ilkinji gezek uly ýaşly ak akulanyň öz tebigy gurşawynda suwasty kadrlaryny......

07.06.2026 17:05
9.4k+

Gradusyň ähmiýeti bar: tomusda awtoulagyň kondisionerinde nähili howp gizlenýär

Tomusda, uzak wagtlap yssyda bolnandan soň, awtoulagyň salonynyň birden sowadylmagy sürüjiniň we ýolagçylaryň saglygyna ýaramaz täsir edip biler. Hünärmenler gyzgyn awtoulaga girenden soň, kondisioneri derrew......

05.06.2026 00:08
8.6k+

Atlantik ummanynda sargassum suwotylarynyň güllemegi hemişelik we üýtgewsiz hadysa öwrüldi

Günbatar Afrikadan Karib deňzine çenli takmynan 8000 kilometre uzalyp gidýän sargassum suwotylarynyň uly Atlantik guşagy ummanyň hemişelik ekoulgamyna öwrüldi. Howanyň üýtgemegi boýunça Ýewropa-Ortaýer deňzi......